TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Serbiýalylar Ronaldony duruzdy

Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna Ýewropa yklymyndan gatnaşjak milli ýygyndylaryň sany köpelip barýar. Germaniýa, Daniýa, Fransiýa, Belgiýa we Horwatiýadan soňra olaryň hataryna Serbiýa we Ispaniýa goşuldy.

Serbiýanyň milli ýygyndysy “A” toparçasynda Kristiano Ronaldoly Portugaliýanyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňip, dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Öz toparçasynda ikinji orny eýelän Portugaliýa dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin indiki ýylyň bahar paslynda goşmaça duşuşyklar geçirmeli bolar.

Şeýle hem Ýewropanyň güýçli toparlaryndan Ispaniýa hem dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ispanlar “B” toparçasynda Şwesiýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda utdy.

 

15-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle