SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Şepagat uýasy rekord goýdy

Filadelfiýadan amerikaly şepagat uýasy Sem Roker Ginnesiň dünýä rekordyny goýdy. Ol hassahanada geýilýän lukmançylyk eşigi bilen marafona gatnaşyp, 2 sagat 48 minut we 2 sekunt ylgady.

Zenan şepagat uýasy hassahana eşigi bilen Boston marafonyna gatnaşdy. Şeýlelikde, ol lukmançylyk eşiginde marafonda iň çalt ylgan şepagat uýasy boldy. Mundan ozalky rekord Jessika Anderson 2019-njy ýylda London marafonyna gatnaşyp, 3 sagat 8 minut we 22 sekunt ylgaw ýodasynda galypdy.

Amerikaly şepagat uýasy özüniň çalt ylgamakdaky rekordyny ruhy taýdna ejir çekýänlere bagyşlady. Ol koronawirus pandemiýasy döwründe ruhy taýdan kyn günleri başdan geçiren adamlar üçin kampanýa gurnapdy. Bu kampanýanyň çäklerinde 45 müň dollar jemlendi.

Boston marafony dünýäniň iň abraýly we gadymy marafonlarynyň biridir. Onuň ilkinisi 1897-nji ýylda geçirilipdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy

Özbegistan ABŞ bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça gepleşikleri alyp barýar

Türkiýe : Syýahatçylyk wizasy üçin zerur resminamalar