TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi guralar

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. 

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, 12-13-nji aprelde serginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 200-den gowragy geçen döwürlerde gazanan üstünliklerini görkezer. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanyp geçiriljek maslahatda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri we täze wezipeleri, hususan-da innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysayd taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda hususy ulgamy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) – esasy işi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

 

Türkmenistanda kalsiý önümçiligi ýola goýlar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle