JEMGYÝET

Saýlaw-2022: Türkmenistana halkara synçylar topary geldi

Şu gün özal habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi sahypasynda bellenilip geçilişi ýaly, bu ýörite sapar bilen 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin halkara synçylar topary ýurdumyza geldi.

Russiýanyň “S7” awaikompaniýasy tarapyndan amala aşyrylan bu gatnaw pandemiýa döwründe halkara uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylan döwründe 37-nji gatnaw boldy.

 “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Related posts

Ärdogan milli Liderimize minnetdarlyk bildirdi

Ata Watan Eserleri

32 ýyldan soňra ogluny tapdy

Ata Watan Eserleri

Jemagat töleglerini poçta bölümlerinde töläň!

Ata Watan Eserleri