JEMGYÝET

Saýlaw-2022: Türkiýede ses bermek mümkinçiligi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Prezident saýlawlary geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-si döredildi: şol sanda Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272,  Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda 549, Aşgabat şäherinde  310 saýlaw uçastoklary döredildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.

Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyñ Türkiye Respublikasyndaky Ilçihanasy we Baş konsullygy bu ýurduñ çäginde ýaşayan Türkmenistanyñ raýatlaryny Türkmenistanyñ Prezidentini saýlamak üçin geçiriljek ses berlişige gatnaşmaga çagyrýar.

Ses berlişige 2022-nji ýylyñ 2-nji martyndan 12-nji martyna çenli gatnaşyp bilerler.

Ankara şäherinde ses bermek çäresine gatnaşmak üçin:

Türkmenistanyñ Türkiye Respublikasyndaky Ilçihanasynyň salgysy:

Koza Sokak No.28 Gaziosmanpaşa ÇANKAYA/ANKARA

Stambul şäherinde ses bermek çäresine gatnaşmak üçin:

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygynyň (Stambul ş.) salgysy:

Stambul, Reyhan Sokak. №14, Eýüpsultan

 

Milli synçylar saýlaw möwsümine syn edýärler

 

Ýene-de okaň

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler

Adylbek Kasymaliýew Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

Si Szinpin Türkmenistana sapar bilen geler

Türkmenistan «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri