JEMGYÝET

Saýlaw-2022: GDA-nyň synçylar topary bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde golaýda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna baha bermek üçin GDA-nyň synçylarynyň missiýasynyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.W.Anfimowyň baştutanlygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklaryň depgini, şeýle-de halkara synçylarynyň işiniň guramaçylygynyň aýratynlyklary babatynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle-de GDA-nyň çäklerindäki işjeň gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, ynsanperwerlik ulgamynda, howpsuzlygyň üpjün edilmegi we beýleki derwaýys ugurlar babatynda döwletara hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýewiň terjimehaly

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi