JEMGYÝET

Saýlaw-2022: 3 dalaşgär bellige alyndy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň  gün tertibine laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna hödürlenen dalaşgärleri bellige almakdan ybarat boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň direktory Babamyrat Meredow, Ahal welaýatynyň teklipçiler topary tarapyndan hödürlenen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew hem-de Mary welaýatynyň teklipçiler topary tarapyndan hödürlenen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy. Mejlisiň dowamynda dalaşgärlere Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy degişli  şahsyýetnamany  gowşurdy.

Dalaşgärleri bellige almak dowam edýär.

Häzirki wagtda bu 3 dalaşgäriň hem bellige alynmagy bilen bir hatarda ozal hem 4 dalaşgär bellige alyndy.

 

Saýlaw-2022: Aşgabatdan we Daşoguzdan dalaşgärler hödürlendi

Ýene-de okaň

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden täze başlangyçlary öňe sürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy