DÜNÝÄ

Şawkat Mirziýoýew täzeden prezidentlige saýlandy

Özbegistanda geçirilen prezident saýlawlaryna ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýeňiş gazandy.

Özbek metbugatynyň habaryna görä, saýlawlaryň deslapky netijelerine laýyklykda, ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sesleriň 80.1 göterimine eýe bolup, gaýtadan prezidentlige saýlandy.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, saýlawlarda 16 million 36 müň 914 saýlawçy ses berdi. Ýagny saýlawa gatnaşyk 80,8 göterime deň boldy.

Saýlawlara gönüden-göni gatnaşan ýerli we halkara synçylar Özbegistanda geçirilen prezident saýlawlarynyň milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, aç-açanlyk we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere esaslanyp geçirilendigini birnäçe gezek bellediler.

Saýlawlardaky ses bermek işi akkreditlenen 1672 ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleri tarapyndan giňden beýan edildi.

Saýlawlara 50 töweregi ýurtdan 20 töweregi halkara guramasyndan 1000-e golaý halkara synçy gatnaşdy.

Özbek metbugatynyň habar bermegine görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.

Mälim bolşy ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ýurduň döwlet baştutany wezipesine ilkinji gezek saýlanypdy.

 

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

 

Ýene-de okaň

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistana sapary