DÜNÝÄ

Şawkat Mirziýoýew täzeden prezident wezipesine girişdi

Şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen prezident saýlawlaryna ýeňiş gazanan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kasam kabul edip, täzeden wezipesine girişdi.

24-nji oktýabrdaky saýlawlarda saýlawçylaryň 80 göterimden gowragynyň sesini alyp, täzeden prezidentlige saýlanan Şawkat Mirziýoýew Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň bilelikdäki mejlisinde kasam kabul etdi.

Bolup geçen saýlawlara Şawkat Mirziýoew Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasynyň dalaşgäri hökmünde gatnaşdy we 80.12 göterim ses aldy. 2016-njy ýyldaky saýlawlarda 88.6 göterim ses alan Şawkat Mirziýoýew ilkinji gezek ýurduň prezidenti wezipesine saýlanypdy.

Kasam kabul ediş dabarasy Senatyň täze binasynda geçirildi. Dabara başlamazdan ozal,  kasam kabul ediş dabarasynda şu ýylyň oktýabr aýynda tassyklanan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ştandarty we nyşany getirildi.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Zaýniddin Nizamhojaýew Prezident Şawkat Mirziýoýewe prezidentiň şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra Prezident Şawkat Mirziýoew elini ýurduň Konstitusiýasy hem-de Gurhana goýup, kasam etdi.

 

Hawi resmi taýdan “Barselonanyň” tälimçisi boldy

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri