SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sargynyň ornuna emeli deri

Mundan beýläk tenimizdäki sypjyryklary, ýaralary ýa-da gögermeleri bukmak üçin lukmançylyk sargylarynyň geregi bolmaz. Rus alymlary olaryň üstüni ýapýan emeli derini işläp taýýarladylar.

Has takygy, bu gözlegler Puşçino institutynyň alymlary tarapyndan alnyp baryldy. «Üýtgeşik mata» diýlip atlandyrylýan emeli deri teniň zeper ýeten böleklerini zyýanly ýokançlardan doly goraýar. Şeýle hem ol howa we suw buglarynyň geçmegine mümkinçilik berýär.

Alymlar emeli deriniň öýjükleriniň ýaranyň içine aralaşmagynyň hem aladasyny edipdirler. Soňra olar adamyň öz teniniň öýjükleri bilen täsirleşýär. Ýöne bejergide emeli deri örtülensoň, saramak maslahat berilmeýär.

 

Döwlet gullugy akademiýasynda «Döwlet dolandyryşy» boýunça okuw geçirilýär

 

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar