TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sanlylaşdyrmak – dünýä ösüşiniň möhüm ugry

Sanlylaşdyrmak — dünýä ösüşiniň esasy şerti. Ol biziň gündelik durmuşymyza barha işjeň ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýär.

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek sanly bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek konsepsiýasy bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň ýaly köptaraplaýyn maksatnamalaryň esasynda jemgyýetiň aň-bilim we döredijilik mümkinçilikleri ýokarlanýar. Ýaş alymlary hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda uly ösüşler gazanylýar.

Sanly tehnologiýalar ölçemegiň çakdanaşa takyk usullaryny ulanmak arkaly senagat önümçiligini çaltlandyrýarlar. Sanly maglumat ulgamlarynyň kömegi arkaly kärhananyň dürli bölekleriniň arasyndaky aragatnaşyk has takyk sazlanyp, guramaçylyk ýokarlanýar, tygşytlylyk artýar. Şeýlelikde, iňňän gysga möhletlerde ýokary hilli önümleri has köp öndürip, senagatçylar bu önümleri bütin dünýä ýaýratmaga mümkinçilik alýarlar, netijede, olaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar.

Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan täze senagat pudaklaryny döretmek, senagat we medeni-durmuş ähmiýetli birgiden möhüm binalary gurmak bilen, öz ykdysadyýetini üstünlikli ösdürýär. Önümçiligiň ösüş depgini birsyhly ýokarlanýar. Diýarymyzdaky syýasy durnuklylyk we ummasyz tebigy baýlyklarymyz daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekmek bilen, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerine we ynamly ösüşine giň ýol açýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýete geçmek üçin bizde zerur ykdysady şertler doly ýeterlikdir.

Elbetde, sanly ulgamyň mümkinçilikleri örän giňdir. Häzirki wagtda hyzmatlary döwrebap görnüşe geçirmek — maglumat-intellektual tehnologiýalary we sanlylaşdyrylan ulgamlary ösdürmek durmuş-ykdysady taýdan zerurlyga öwrülýär. Sanlylaşdyrmak, ozaly bilen, täze hyzmatlaryň we önümleriň sanly görnüşde döredilmegidir. Diýmek, sanlylaşdyrmagyň esasy tapawutly aýratynlygy täze işjeň we sarp edijilik häsiýetnamalary bolan innowasion hyzmatlaryň hem-de önümleriň döredilmegindedir.

Sanlylaşdyrmak ösüş we bäsdeşlik babatda täze artykmaçlyklary gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalar, şol sanda, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçildi. Elektron senagat döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmek, Watanymyzyň alys künjeklerinde internet mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly bilim ulgamy – munuň özi diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş ynsanyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň ýeňilleşmegidir. San­ly bi­lim ulgamy özünde elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry we söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri jem­le­ýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, il­kin­ji no­bat­da, bilim dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we bilim alýanlara elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär. Zerur bolan elektron hyzmatlaryň (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulýar.

Wepamyrat Hojamyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Türkmenistan iri halkara nebitgaz forumyna taýýarlanýar

Teswirle