Sanly ykdysadyýetde terminleriň sözlügi

Blokçeýn (ing. blockchain ýa-da block chain) — içinde maglumatlary saklaýan we dürli kompýuterde ýerleşip biri birine bagly bolmaýan,  bellenen kadalara görä yzygiderli üznüksiz ýagdaýda gurulan bloklaryň zynjyr görnüşi.

 Sanly ykdysadyýet – sanly informasion-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmaga esaslanan ykdysady, sosial we medeni gatnaşyklaryň gurluşy (sistemasy).

 Sanly maliýe aktiwy (SMA) – şifrleýji (kriptografiki) usullary ulanmak üçin döredilen elektron görnüşindäki emläk. Bu emläge eýeçilik hukugynyň barlagy şifrleýji ýazgylaryň sanly reýestr tranzaksiýalaryna girizilmegi bilen amala aşyrylýar. Sanly maliýe aktiwlerine kriptopul birligi we tokenler degişli.

 Sanly tranzaksiýa – döredişe gönükdirilen hereket we hereketleriň yzygiderligi, çykarma, sanly maliýe aktiwleriň aýlanyşygy.

 Sanly ýazgy – sanly tranzaksiýalar reýestrinde bellige alynan sanly maliýe aktiwleri barada maglumat.

 Sanly tranzaksiýalar reýestri – belli bir wagtda formirlenýän sistemleşdirilen sanly ýazgylaryň bazasy.

 Sanly tranzaksiýalarynyň paýlanan reýestri – reýestriň ähli ulanyjylarynda birmeňzeşligi üpjün edýän, göterijilerde we reýestriň ähli gatnaşyjylarynda görkezilen algoritmler esasynda, saklanýan we bir wagtda döräp, täzelenýän sistemleşdirilen sanly tranzaksiýalaryň bazasy.

 Sanly tranzaksiýa reýestriniň gatnaşyjylary – sanly tranzaksiýa reýestriniň kadalaryna laýyklykda sanly tranzaksiýalary amala aşyrýan şahslar.

 Maýning – kripto pul birliginiň döredilmegine gönükdirilen we kripto pul birligi görnüşinde pul hakyny almak niýetli walidasiýanyň döredilmegine gönükdirilen kärhana işi.  

Kripto pul birligi  – sanly transaksiýalar reýestriniň gatnaşyjylary tarapyndan bölünen we bu sanly tranzaksiýalar reýestriniň ýöredilişi barada bellenen kadalara laýyklykda döredilip nazara alynan, sanly maliýe aktiwynyň görnüşi.

 Üpjün kripto pul birligi – emitentiň aktiwleri bilen üpjün edilen we emitentiň kabul edilmegine möhüm bolan, döwlet maşstabynda ýa-da hususy kripto pul birligi.

 Üpjün däl kripto pul birligi  – hakyky emitent aktiwleri bilen üpjün edilmedik kripto pul birlikleri, (meselem – Bitcoin [BTC] material aktiwler we borçlar bilen üpjün edilmedik, ilkinji we giň möçberde meşhurlyk gazanan kripto pul birlgi).

 Token – maliýeleşdirmegiň ünsüni çekmek niýetli we sanly ýazgylaryň reýestrinde hasaba alynýan, ýuridik şahs we indiwidual kärhana eýesi tarapyndan (soňra-emitent)  çykarylýan, sanly maliýe aktiwleriň görnüşi.

 Maddy tokenler – belli bir material aktiwlere bolan hukugy tassyklaýan tokenler, (meselem – token DIGIXIGLOBAL PTE LTD [DGX], altyn bilen üpjün edilen, her bir token 1gramm altyna deň bolup  we ol bilen çalşylyp biliner).

 Lisenzion tokenler –programma üpjünçiliginden (meselem – token Bloquid [BQT], Bloquid programma önümleriniň girdejisiniň belli bir bölegini almak hukugyna wekilçilik edýär), aňly eýeçilik obýektiniň ulanylyşyndan gelýän girdejiniň belli bir bölegini almaga hukuk berýän tokenler.

 Kreditly tokenler  – tokeniň eýesi tarapyndan geljekde karzyň gaýtarylyşyny (ýa-da başga aktiwiň) talap etmek hukugynyň barlygyny tassyklaýan tokenler, (meselem – Kolionowyň ekoşertler taslamasyna gatnaşmaga hukugy berýän Kolion [KLN] tokenler, hem-de sanalýan önüm tokenleri görnüşinde (prosent) girdeji almaga hukuk berýän tokenler).

 Korporatiw tokenler – kärhanada (ustaw kapital) ýa-da inwestision gaznasynda belli bir paý hukugyny tassyklaýan tokenler – korporatiw (inwestision) toneler (meselem – Satoshi fund fondynyň aktiwleriniň belli bir bölegine eýeçilik hukugyny dogrylaýan Spie tokenleri.

 Üpjün däl tokenler – emitentiň hakyky aktiwleri bilen edilmedik tokenler we gymmatlygy bolan sanly obýektlere eýeçilik hukugyny tassyklaýan tokenler ( meselem – proýekt CryptoKitties, sanly pişikleri edinmäge mümkünçilik berýän taslama).

 Akylly-şertnama (Smart-kontrakt) – elektron görnüşinde şertnama, borç we hukuklaryň sanly tranzaksiýalaryň awtomatiki tertibinde we bellenen sanly tranzaksiýalaryň  reýestrinde berk bellenilen yzygiderlikde we belli şertleriň gelmegine görä ýerine ýetirilişi. Akylly şertnamanyň gatnaşyjylarynyň (taraplaryň) hukuklarynyň goragy şu tertipde amala aşyrylýar: elektron görnüşinde düzülen taraplaryň hukuklarynyň goragynyň bir meňzeş ýagdaýda durmuşa geçirilmegi.

 Bank hyzmatlary üçin aýrylan deň hasap etmeklik işi – bir gezeklik deň hasaplama işlerini öz   alýan we bir gezekden köp bolan maliýe hyzmatlaryndan peýdalanmak niýetli aýrylan (pozulan)  deň hasaplama işleriniň, maliýe hyzmatlaryndan peýdalanmak ygtyýarynyň amala aşyrylýan raýat hukuk gatnaşyklaryň gatnaşyjylarynyň deň hasap etmek ulgamy.

 Goşmaça hakykylyk (ing. augmented reality, AR —«giňişleýin hakykylyk») – 1. Gurşawyň we maglumat kabul edijiligiň gowylanmagyna goşant bermek  üçin gurşaw barada kabul edijilik meýdanyndan islendik sensor maglumatlaryň girizilen netijeleri.

  1. Kabul edilýän garyşyk hakykylyk (ing. mixed reality), goşmaça kompýuter elementleriniň ulanylmagy bilen emele gelýän (hakyky obýektleriň kabul edijilik meýdanynda montirlenen ýagdaýynda).

 Maýsa Begliýewa

Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň

 Kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň talyby.

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Bildirişi

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar