“Sanly ulgamynda ösüşlik”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilýän bilim özgertmeleriniň esasynda ýurdymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş neslimizi milli we umumy adamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek döwletimiziň durmuşa geçirýän bilim syýasatynyň esasy maksadydyr. Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň , hünärmenleriň şeýle-de  biz ýaly mugallym dalaşgärleri, bilim alýanlaryň häziriki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Sanly ulgam diýenimizde maglumatlaryň ekranda görkezilmegi. “Sanly” adalgasy “Sanly” adalgasynyň Europeanewropa dillerinde aýdylyşy we türk ekwiwalenti “Sanly”. Elektron ulgamlar “analog” we “sanly” hökmünde ikä bölünýär. Elektron ulgamlarda giriş we çykyş signallary “analog”  gözöňüne getirmek mümkin. Ýurdymyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimediýa enjamlary, lingafon otaglary, internet ulgamy hereket edýär. Bu bolsa öz gezeginde birnäçe işleriniň ýeňilleşmegine, wagtyň tygşytlanmagyna islendik wagtda birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt taapmaga mümkinçilikler döredýär. Internet torunuň üsti bilen döredilen maglumat portallarynda her adam özüne gerekli maglumatlary alyp, olardan peýdalanyp bilýär. Her ýyl mekdep okuwçylarydyr, talyp ýaşlar halkara internet ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagy başarýarlar. Bu bolsa öz gezeginde ýurdymyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürmäge berilýän ünsüň has-da ýokarlanýandygyny , sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrylmagy bilen täze zehinleriň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.  Sanly ulgamyň ilkinji artykmaçlygy, amaly netijeliligi hödürleýär. Kampanýada işleýänleriň hemmesine gyssagly maglumatlr, gyssagly jogaplar we gyssagly söhbetdeşlikler gerek bolup biler,ýöne iň uly mesele bu gyssagly zerurlyklary kanagatlandyryp bilmezlikdir. Sanly öwrülişikde, ähli maglumatlar kompýuter gurşawunda saklanylýandygy sebäpli, adamlar isleýän maglumatlaryny we jogaplaryny başga hiç kimiň zerurlygy bolmazdan öwrenip bilerler. Bu, kompanýanyň işini çaltlaşdyrýar. sebäbi işgärler başga bir işgäri haýsydyr bir maglumat ýa-da maglumatsoragy bilen meşgullanman, kompaniýanyň getirensanly gurşawy bilen islän zadyna çalt ýetip biler, bu hem bolsa sanly ulgamyň ösmegi we ösmegindäki peýdasynyň bir aýratynlygy bolup durýar. Mundan başgada sanly ulgamy ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym ,sport, medeni-köpçülik işlerinii, ýurdymyzda amala aşyrylýan döwlet ähimýetli özgertmeleri,ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şoniň ýalyda ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry üçin meyilleşdirilen çäreler boýunça ýurdymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň  binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly bikim portaly elektron poçta, eletron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw  üçin sözlüklerwe şiňa meňzeşler bilen üpjün edildi.Sanly ulagam diňe bir bilim edaralarynda bolman eýsem ähli tehnologiýanyň ýagny, sanly üýtgeşme düşünjesine giň nukdaýnazardan seretmek, tehnologiýanyň döremegi ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýyllara degişlidir. Häzirki wagtda tehnologiýa barada aýdylanda, kompýuterler, elektron oýlap tapyşlar we robatlar ýadymyza düşýar, ýöne çaphananyň we tigiriň aýlap tapylmagy döwrüň häzirki tehnologiýalarynyň hataryndady. Tehnologiýanyň giňden ulanylmagy bilen pudaklaryň, guramalaryň we şahsyýetleriň özlerini täzeläp durmagy zerurlyga öwrüldi.Sanly ulgam üýgeşme pudaklaýyn esasda ulanylýan ähli terminleri, syýasaty, söwda, senagat ýa-da metbugat gepleşiklerini, ýagny maglumatlary sanly görnüşe öwürýär. Sanlaşdyrmagy tehniki taýdan düşündirmek üçin, sanly bir toparyny döretmek arkaly sesleriň we obýektleriň şekillendirilmegi. Mysal üçin: telefon jaňlary munuň iň gowy mysalydyr.Sanly ulgamda telekommunikasiýa ulgamlarynda sesiň hilini, arka baglanşyk wagtyny, toruň kuwwatyny, netijeliligini we dowamlylygyny ýokarlandyrmak üçin 1970-nji ýyllarda başlandy. Sanly ulgamyň artykmaçlary we kemçilikleri nämeler, sanly ulgama hem mümkinçilik, hem kyn ýol hökmünde kabul edilip biliner. Her pudagyň dinamikasy dürli-dürli bolsada , müşderini merkezleşdirýän programmalar has üstünlikli hasaplanýar. Müşderiňiziň kimdigini, zerurlyklaryny, talaplaryny we näme hödürlenjekdigiňizi bilmek, sanly ulgamyň başynda işiňizi aňsatlaşdyrar. Müşderi esasly çemeleşmeden soň indiki ädim, sanly üýtgeşmeler üçin belli bir ölçegleri kesgitlemekdir. Sanly ulgam diňe bir bilim edaralarynda bolman eýsem pudak edaralarynda we saglygy goraýyş edaralarda ýagny ýurdumyzyn ähli edara kärhanalarda giňden ulanylýar we ösdürülýär. biz hem talyp ýaşlar bolup sanly ulgamyň ösmegine mundan beýläk hem elimizden gelenini gaýgyrmarys.

                                                                          Zeýnep Geldimyradowa

                                                      Türkiýe döwletiniň Seljuk uniwersitetiniň talyby                                         

Hytaýda çagalara onlaýn oýunlar gadagan edildi

 

ÝENE-DE OKAŇ

ABŞ-nyň Kaliforniýa Riwersaýd uniwersitetiniň alymlary tarapyndan durmuşa geçirilen täze taslama arkaly koronowirus pandemiýasynyň iýilýän waksinasy öndüriler. Ylym we saglyk dünýäsine uly täzelik bolup girjek bu taslamanyň awtorlary waksinany käbir ösümliklerden taýýarlaýar. Uniwersitetiniň professory Huan Pablo Giraldonyň aýtmagyna görä, taslama netijeli tamamlansa, ýekeje ösümlik bir adamy keselden goramak üçin ýeterlik bolar. Taslamanyň özeninde «Pfizer-BioNTech» we «Moderna» waksinalarynyň düzüm gurluşy bolar. Esasy ösümlik...
Her ýylyň 23-nji sentýabrynda “Halkara üm arkaly gürleşmek güni” dünýäde giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 2017-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä kerler federasiýasynyň (World Federation of the Deaf, WFD), Halkara üm arkaly gürleşmegiň dili (International Day of Sign Languages) baradaky kabul eden kararyndan alyp gaýdýar. Şondan soňra her ýyl Ýer ýüzünde  bellenilip geçilýär. Bu...
21-22-nji sentýabrda Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli köpugurly sergi guraldy. Oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlet böleginiň düzümleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň,  “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň,  Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we beýleki ulgamlarynyň, hususy pudagynyň wekilleri, şeýle-de,  Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýokary derejede...
Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi. 1970-nji ýylda döredilen “Kenzo”...
Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy. Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
884FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar