TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Sanly ulgam: söwda toplumy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bu resminamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, söwda toplumynyň düzümleýin edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy we hereket edýär. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky iri kärhanalarda zerur maglumatlary almak üçin türkmen, iňlis we rus dillerinde internet saýtlary döredildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrliginiň bölek söwda kärhanalary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan döredilen onlaýn söwda ulgamynyň hem-de ilata harytlary eltip bermek hyzmatynyň gerimi giňelýär.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň web saýtynyň üsti bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alyjylaryndan haly önümlerine sargytlary kabul etmek hyzmatlary ýola goýuldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýty arkaly gündelik birža söwdalarynda satylýan harytlar hem-de dünýä bazarlaryndaky harytlaryň bahalary barada maglumat beriş hyzmatlary hödürlenilýär. Birža söwdalary elektron söwda ulgamynyň üsti bilen interaktiw görnüşde geçirilýär, şertnamalary hasaba almak bolsa “Bir penjire” ulgamy arkaly amala aşyrylýar.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2021-nji ýylda we 2022-nji ýylyň dört aýynda sanly ulgam arkaly maslahatlaryň 54-si hem-de wirtual sergileriň 4-si geçirildi. Şeýle hem wise-premýer söwda toplumyna degişli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda tassyklanylan maksatnama laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça täze wezipe birlikleriniň girizilendigini, bu ugurda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işiniň dowam edýändigini habar berdi.

 

«Ak şäherim Aşgabat» atly ХXI köpugurly halkara sergi geçiriler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle