JEMGYÝET

Şanly Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaraly ýöriş

Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet münberiniň toplumynda baýramçylyk dabarasy geçirilýär.  Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde  Türkmen esgerleriniň dabaraly harby ýörişi  geçiriler. Şeýle hem türkmen bedewleriniň dabaraly geçişi guralar. Mundan başga-da dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň  ministrlikleriniň we pudaklarynyň  Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini görkezip,  Döwlet münberiniň öňünden geçerler.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem bu dabara çagyryldy. Biz Size  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň üsti bilen dabaradan pursatlary ýetirip durarys. Dabara bilen baglanşykly fotosuratlary @atavatanturkmen Instagram hasabymyza yzygyderli ýerleşdirip durarys.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa “Arkadaşylygyň modasy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Milli Liderimiz: “Merkezi Aziýa + Azerbaýjan” formaty sebitiň ýurtalarynyň global arenadaky ornuny berkitýär