SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanly “Covid” şahadatnamasy güýje girýär

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň baştutanlarynyň sammitinde “Covid-19” pasportynyň döredilmegini tassykladylar. Sanly “Covid” şahadatnamasy diýlip atlandyrylýan bu şahadatnama 1-nji iýuldan başlap ulanylmagy meýilleşdirilýär.

Sammitden soň geçirilen metbugat ýygnagynda Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýen şu hepdäniň ahyryna çenli 300 milliondan gowrak doza sanjymynyň ediljekdigini we indiki aýda bu mukdaryň 400 milliona çenli ýetiriljekdigini habar berdi.

Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Şarl Mişel yuwaş-ýuwaşdan ÝB-niň çäklerinde erkin hereket etmek mümkinçiligine eýe bolunjakdygyny belledi.

Täze sanly “Covid” şahadatnamasynyň tehnologiýa babatdaky aýratynlyklary bilen bir hatarda şu ýylyň 1-nji iýulynda ulanyşyga giriziler.

Golaýda ÝB-niň ýolbaşçy düzümi iki doza koronawirus sanjymyny alan üçünji ýurtlaryň raýatlarynyň ÝB-ine gelmägine rugsat bermek barada ylalaşypdy. Bu başlangyçlar ÝB çäklerinde şu ýylky syýahatçylyk möwsüminiň täzeden dikeldilmegine mümkinçilik döreder.

 

Ýewropada uly ýaşly ilatyň 46 göterimi sanjym edildi

Ýene-de okaň

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi