Sanly bilim – geljege ädim

Häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginde sanly tehnologiýalara has köp üns berilýär. Her gün täze tehnologiýalar, programma üpjünçiligi we döwrebap enjamlaryň çözgütleri peýda bolýar. Işjeň ösýän bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrýan köp sanly hünärmenler täze enjamlary, programma üpjünçiligini döretmek we täze tehnologiki amallary ornaşdyrmak boýunça iş alyp barýarlar. Sanly üýtgeşme diňe bir tehnologiki üýtgeşmä degişli däldir. Sanly ulgamlaryň durmuşa geçirilmegi ähli ugurlardaky işleriň netijeli we çalt amala aşyrylmagyna mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem kagyz dolanyşygynyň aradan aýrylyp, elektron dolanyşyk arkaly işleriň göwnejaý hem-de talabalaýyk derejede, çalt depginlerde alnyp barylmagy üçin  amatly şertleri döredýär.

Sanly tehnologiýalar bizi öýde, iş ýerlerinde, bilim ulgamynda, ulagda hat-da, dynç alýan pursadymyzda-da gurşap alýar. Olar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.  Aýratyn hem, ýokary okuw jaýlarynyň hünär okuwynda sanly tehnologiýanyň wajyplygyna ähmiýet bermezlik mümkin däl. Bilim ulgamynda kompýuterleriň peýda bolmagy, orta we ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň okuwçylara we talyplara bilim bermeklik, şeýle-de okuwçylaryň we talyplaryň berilýän bilimi özleşdirmeklik işini has-da aňsatlaşdyrdy. Bu tehnologiýany ulanmak öwretmegi we öwrenmegi örän amatly etdi.

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ulanmak döwrüň esasy talaplaryndan biri. Sanlaşdyrma senagatda, ykdysadyýetde, bilimde we durmuşymyzyň beýleki ugurlarynda amala aşyrylyp, ol sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagydyr.  Bu hadysa, dünýäniň köp ýurtlarynda maglumat tehnologiýalarynyň, mikroelektronikanyň we maglumat aragatnaşyklaryň çalt ösmegi bilen ýüze çykýar. Bilimi sanlaşdyrmak, onuň elektron ulgamyna geçiş ýagdaýynyň kesgitlenmesidir.

Bilim ulgamyndaky sanly tehnologiýalar, oňa esaslanýan häzirki zaman bilim gurşawyny guramagyň usulydyr. Dünýäde tehnologiýalar bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän özgertmeler, iş usullarynyň üýtgemegine şeýle hem,  bilim almagyň maksatlarynyň  we tejribeleriniň üýtgemegine getirýär. Häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmagyň eýýäm durmuşymyzyň adatyna öwrülmegi, öz-özüňi hemişe kämilleşdirmegiň wajyplygyna akyl ýetirip, döredilen sanly hyzmatlary we tehnologiýalary netijeli ulanmak zerurdyr.

Bu günki gün ýer ýüzi – “SANLY” – öwrülişigiň  bosagasynda, bu öwrülişik – täze sanly  bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny aňladýar. “Sanly öwrülişik” adalgasy köplenç diňe tehniki ölçegini aňladýar. Emma muňa oýlanyşykly jogap bermek gerek sebäbi okatmagyň we öwrenmegiň täze usullary we gurallary hökmany suratda jemgyýetçilik özgerişlerine sebäp bolýar. Häzirki wagtda giňden ulanylýan “Sanly bilim”, “sanly ulgam”, “sanly tehnologiýa” ýaly düşünjeleriň manysyna çuňňur düşünmek, adamyň  aňynda ýiti bilesigelijiligi ýüze çykarýar. Häzirki wagtda pedagogika ylmynda we tejribesinde sanly bilimiň ösüşi bilen baglanyşykly täze adalgalary aýdyň düşündirmek entek mümkin däl. Olaryň manysyna doly we dogry düşünmek  maksady bilen bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ýygy ulanmagyň ähmiýeti  wajyp bolup durýar. Edil şu pursat bu düşünjeler biziň üçin täze bolup biler. Emma ýene birnäçe ýyldan soň, geljekki ýaşlara beriljek bilimi nazara alsak, onda olar üçin hödürlenjek nazary bilimler bu düşünjeleriň  ýeňildigine düşünmäge kömek eder. Sanly ulgamyň ösüşi barada aýtsak,  eýýäm ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde diýen ýaly,  sanly ulgam bilen baglanyşykly täze hünärleriň açylmagy, sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan täze nesilleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

Bilimi sanlaşdyrmagyň esasy elementlerinden biri sanly sowatlylykdyr. Sanly sowatlylyk bilimiň esasy ileri tutulýan ugry, sanly programmalary, kompýuter programmirlemesini, grafiki usullary ulanmak ukybydyr. Alymlar sanly sowatlylygyň sekiz elementiniň bardygyna ynanýarlar, onda onlaýn işlemek we “sanlary” ulanmak endikleri bolup, olaryň arasynda internet gurşawynyň medeni baglanyşygyna  aýratyn orun berilýär. Bilimiň sanlylaşdyrma strategiýasy – emeli aň, blokirleme we wirtual hakykat ýaly geljegi uly innowasiýa tehnologiýalaryny üpjün edýär. Emeli aň  “akyl bilen baglanyşykly” meseleleri çözmek üçin ulanylýan tehnologiýa bolup, onuň ähli ösüşleri şekili tanamak üçin programmalary, awtomatiki maşyn sürmek we terjime ulgamlaryny döretmäge gönükdirilendir.

Sanly bilim üstünlik gazanmagyň ýoludyr. Daşary ýurt bilim ulgamynda döwlet synaglary, berlen diplomlar we şahadatnamalar we ş.m. hakynda maglumatlary saklamak üçin “Blockchain” ulanylýar we bu maglumatlaryň hakykylygyna göz ýetirip, kagyzdaky arhiw maglumatlaryna ýüz tutman derrew alyp bolýar. Bu tehnologiýa belli bir tertipde maglumatlary özünde saklaýan yzygider sepleşýän zynjyr toparly  gurluşdyr. Ol maglumatlary sanly görnüşde  saklamagyň howpsuzlygyny kepillendirýär, şeýle hem olaryň üýtgemegine gözegçilik edýär. 2008-nji ýylyň oktýabrynda peýda bolan  “Bitcoin” ulgamy ilkinji “Blockcain” tehnologiýasynyň ulanmagyna sebäp bolýar. Aýratyn hem, bu tehnologiýa bank ulgamynda giňden ulanylýar.

Ýene-de, onlaýn tehnologiýalaryň arasynda “Oýun oýnamak” (gamifikasiýa) tehnologiýasy möhüm rol oýnaýar, didaktiki maksatlar üçin ulanylýar. Wideo oýunlarynda ulanylýan mehanizmleri ulanýar. Oýun oýnamagyň görnüşlerinden biri web gözlegidir. Bu tehnologiýa, internet çeşmelerini we sanly tehnologiýalary uniwersitetiň okuw prosesinde ulanmaga we birleşdirmäge we olaryň kömegi bilen hünär ussatlygyny netijeli döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, okuwçylaryň gözleg işlerini guramaga mümkinçilik berýär. Tebigat ylymlary öwrenilende, wirtual hakykat äýnekleriniň kömegi bilen talyplar wirtual barlaghanalarda dürli synaglary geçirip, dürli zatlar bilen täsirleşme geçirip,  tebigatda bolup geçýän tebigy ylym proseslerine syn edip bilerler. Sanly bilime geçiş, internet tehnologiýalaryny döretmekde möhüm tapgyrdyr. Indi ylym-bilim ýokary tizlikde ösýär, her gün täze sanly gurluşlar peýda bolýar. Bilimiň sanlaşdyrylmagy ýaş nesilleriň geljekde maglumat dünýäsine has gowy aralaşmaga kömek eder. Bilim alýan ýaşlar öýden çykman, internet arkaly sapak alyp biler. Olaryň okuw sapaklaryna taýýarlygy üçin jikme-jik maglumat tapjak elektron çeşmeler dörediler. Her bir edarada maglumat mazmunyna girmek üçin internet birikmesi bolar.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň möhüm meselelerinden biri, elektron maglumat çeşmelerine elýeterliligi guramakdyr. Bu meseläni çözmegiň iň täsirli usullaryndan biri sanly kitaphanalary döretmekdir. Elektron kitaphanalar global maglumat geçiriş ulgamlary arkaly dürli elektron resminamalar ýygyndylarynda gözlegleri saklamaga, gaýtadan işlemäge, paýlamaga, derňemäge we gurnamaga mümkinçilik berýär. Elektron kitaphanalar adaty kitaphanalary ösdürmegiň täze tapgyry bolup durýar. Sanly kitaphanalaryň esasy maksatlary maglumatlary has elýeterli etmek; ylmy we medeni mirasy gorap saklamak; işiň we okuwyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Sanly kitaphanalaryň esasy wezipeleri maglumat çeşmelerini birleşdirmek we olarda täsirli nawigasiýa bolup durýar, global kompýuter toruna internetiň giňden girmegi netijesinde sanly kitaphanalar hemmeler üçin diýen ýaly elýeterli bolýar. Elektron kitaphanasy, bir gurama däl-de, dürli guramalara ýa-da şahsyýetlere degişli çeşmeleri öz içine alyp bilýän elektron çeşmedir. Internetdäki kitaphanalar esasan iki görnüşlidir: ýöriteleşdirilmedik kitaphanalar; diňe mowzuk edebiýatyny öz içine alýan ýöriteleşdirilen kitaphanalar.

Sanly bilimde öwrenmegiň täze usuly webinarlardyr. Oňa  esasan iki tarap gatnaşýar. Oňa internediň üsti bilen geçirilýän onlaýn okuw sapagy ýa-da duşuşygy hem diýilýär.  Onda alyp baryjy diňleýjilere maglumatlaryň düşünikli bolmagy üçin  prezentasiýasy bilen çykyş edýär. Olaryň ulanyjylara berýän esasy wezipeleri: slaýd prezentasiýalary; göni wideo aragatnaşygy; nauşnik we mikrofon ulanyp hakyky wagtda ses aragatnaşygy; soň görmek we diňlemek üçin ýazgy; sorag-jogap sessiýalary üçin tekst söhbetdeşligi üpjün edýär. Häzirki wagtda uzak aralykdan netijeli gurnalýan onlaýn okuw sapaklary özara tejribe paýlaşmaga we pikir alyşmaga ýardam berýär.

 

                Gözel EMINOWA,

                                          Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                          Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň  talyby.  

 

 

Türkmen-türk işewürler geňeşiniň duşuşygy geçirildi

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar