TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Sanly bilim ─ döwrebaplygyň nusgasy

Durmuşyň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalary ulanmak döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirýän sanly ulgam bu günki gün bilim ulgamyna hem ägirt uly üýtgeşmeleri girizýär.

Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen ylym we bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär diýsek hakykatdan üzňe bolmasa gerek. Şonuň üçin hem ýurdumyzda elektron bilim bermekligiň usullaryny işläp düzmegi göz öňünde tutýan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Bu Konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzda bilim ulgamynda innowasion ösüşler we täze mümkinçilikler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamy her bir adama dünýä ülňülerine laýyk bilim almakda amatly mümkinçilikleri döredýär.

Sanly bilim serişdeleri ornaşdyrylmazyndan öň okatmagyň tehniki serişdeleri sadadan çylşyrymla tarap taryhy ýol geçendigini aýratyn bellemek gerek. Muňa taryhda ses ýazglaryny eşitdirmegiň we ony okuw işinde ornaşdyrmagyň tejribesi mysal bolup biler. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda bilim berlende gramafon serişdeleri ulanylyp başlanylypdyr. 1980-nji  ýyllarda programma üpjünçiligi ösüp başlaýar. 1990-njy ýyllaryň başynda dörän CD we DVD diskleri bolsa okuw meýilnamasy boýunça geçirilýän sapaklaryň audio we wideo ýazgylaryny saklamaga mümkinçilik beripdir. Şeýle hem olarda maglumatlaryň sygym taýdan uly görnüşlerini saklamak mümkinçiligi hem bolupdyr.  Bu disklar wideo kasetalaryň ornuny tutupdyrlar we olaryň ähmiýetli tarapy wideo dialoglaryň subtitrlerini görmek mümkinçiligini döredýänligi bolupdyr.

Okatmagyň tehniki serişdeleriniň ýene biri hem şekil görkeziji enjamlar hasaplanýar. Olaryň iň sadasyna proýektorlar, epidiaskoplar, filmoskoplar degişlidir. Proýektorlar ilkinji gezek XX asyrlaryň başlarynda ABŞ-nyň Çikago ştatynyň bilim ulgamynda epidiaskop (opaque projector) hökmünde ulanylyşa girizilipdir.  Umuman aýdanymyzda bilim ulgamy ýyl-ýyldan kämilleşýär. Şu wagta çenli geçmişdäki üýtgeşmeler barada jikme-jik beýan etmekden sanly bilimiň geljekde nämeleri üýtgejekdigini bilmek has gyzykly bolsa gerek.

Mekdep biliminiň häzirki zaman formulasy köne okuwdan düýpgöter tapawutlanýar. Wagt geçdigiçe tehnologiýalaryň kämilleşmegi netijesinde bilim almaklyk ýeňilleşýär. Bu ýeňilliklere sanly ulgamda  aýdyň göz ýetirmek mümkin. Mekdepler kompýuter, planşet panelleri we beýleki häzirki zaman tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylar. Her bir orta we ýokary okuw mekdeplerinde maglumat mazmunyna girmek üçin ýörite internet torlary ornaşdyrylýar we elektron kitaphanalar döredilýär.

Bilimiň sanly ulgama geçilmegi okuw kitaplarynyň diňe bir elektron görnüşine geçirilmegi däl-de, eýsem internediň elýeterliligi bilen hem şertlenýär. Bilimini kämilleşdirýän her bir ynsan üçin, uzak aralykdan ýurduň we bütin dünýäniň öňdebaryjy alymlary, professorlary bilen kynçylyksyz onlaýn okuw sapagyny geçirmek, söhbetdeş bolmak, pikir alyşmak mümkinçiliginiň bolmagy hem diýseň ähmiýetlidir.

Sanly bilimiň başga-da birnäçe esasy aýratynlyklary bar. Olar:

Öz-özüňi terbiýelemek. Sanly ulgam geljekde ylym-bilim pudagyny düýbünden üýtgeder. Sanlaşdyrmak materialyň özbaşdak öwrenilmegini aňladýar. Geljekki sanly ulgam garaşsyz işi hem  göz öňünde tutýar. Şol sebäpli, çaga kiçiliginden özi özbaşdak bilim almaga çalyşmalydygyna düşüner. Geljekde şeýle terbiýe adamyň häsiýetini hasam berkider. Sanly bilimiň doly ornaşdyrylmagy netijesinde birnäçe ýyldan mugallymlaryñ köp zähmeti siñdirilmezden hem («emeli aňyň», onlaýn sapaklaryň kömegi bilen) okuwçylar has gowy netijelere ýetmegi başarar. Öwrenmegiň yzygiderliligi we işiň tizligi artar.

Oýunlar arkaly bilim almak. Günüň islendik wagty, islendik ýerde bilim almak, öwrenmek her bir adam üçin elýeterlidir. Bilimi kämilleşdirmek diňe bir kitap okamak bilen çäklenmeýär. Elektron didaktiki oýunlaryň (ýagny, kwestler, keşpli, işewür we ş.m) üsti bilen hem bilim almagyň hili ýokarlanýar. Çünki oýun usulynyň öwredijilik häsiýeti ýokarydyr. Bu oýunlaryň üsti bilen çagalardyr uly ýaşlylar hem gerekli maglumatlary kabul edip bilýärler.

Mugallymlaryň işiniň ýönekeýleşdirilmegi. Mugallymçylyk hünäri kyn we jogapkärçilikli kesp hasaplanýar. Olar okuwda ýaşlary terbiýelemek üçin köp energiýa we nerw sarp edýär. Emma alymlaryň çaklamalaryna görä sanly ulgamynyň doly ornaşdyrylmagy netijesinde bolsa olara ýeňillikler dörediler. Mugallymlaryň wezipesi ýönekeýleşip, okuwçylaryň ösýän ugruny kesgitlemek, olara kömek etmek, ýol görkezmek bilen çäklener. Okuwçylar mugallymlara adatdakylaryndan az, ýagny diňe okuw bilen baglanşykly, çözmesi kyn jedelli meseleler peýda bolan halatlarynda ýüz tutarlar.

Kagyzlaryň az harçlanmagy we tygşytlylyk. Mekdep okuwçylary agramy köp bolan, ep-esli ýer tutýan birnäçe okuw kitaplaryny we depderçelerini götermeli bolýarlar. Sanly bilimde bolsa okuw kitaplarydyr gollanmalar kompýuterde we planşetlarda ýerleşdirilmegi netijesinde kagyzlar az sarp edilýär.

Sanly bilim ulgamy wagty tygşytly peýdalanmak üçin hem amatlydyr. Onda öýden çykmazdan internet arkaly sapak almak ýa-da islendik gerekli maglumaty kitaphana gitmezden aňsatlyk bilen tapyp bilmek mümkinçiligi hem bardyr.

Bilim almak üçin sanly ulgamyň berýän mümkinçilikleri:

  • Döwrebap jemgyýete goşulmak üçin, islendik etrapda ýaşaýan raýatlara bilim almakda öň elýeterli bolmadyk maglumat serişdelerine we bilimlere ýol açýar;
  • Akyl hyzmatdaşlygy we kognitiw bilim almagyň täze mümkinçiliklerini döredýär;
  • Dünýäde dürli sebitlerdäki çagalar beýleki milletleriň çagalary bilen habar alşyp bilýärler;
  • Maýyplaryň bilim almagy üçin has amatly mümkinçilikleri döredýär;
  • Önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen, uly ýaşly adamlara hem hünär taýdan kämilleşmäge şert döredýär.

Umuman, sanly bilim ulgamy her bir ynsana bilim ulgamyny kämilleşdirmäge ýeňillik, ösüşiň täze usullaryny özleşdirmäge bolsa mümkinçilik berýär. Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bar bolan tejribeleri özgertmäge kömek edýär. Sanly bilim ulgamyndaky özgertmeler bolsa bilim innowasiýalaryny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer we täze açyşlara giň ýol açar.

 

Humaý MÄTJANOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Okuw kitaplaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle