SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjymyň täsiriniň ýokarydygy tassyklandy

Koronawirus ýokanjyna garşy edilýän sanjymlaryň täsiriniň ýokarydygy ýene-de bir gezek tassyklandy. Ilatynyň 21 göterimine sanjym eden Şotlandiýada koronawirus ýokanjy sebäpli hassahana gelýänleriň sany 85-94 göterim azalandygy mälim edildi. Ysraýylda geçirilen barlaglarda bolsa, sanjymdan soňra hassahana gelýänleriň sany 98,9 göterim azalypdyr.

Birleşen Patyşalygyň ähli ýerinde dünýäde ilkinjileriň hatarynda köpçülikleýin sanjymlara başlandy. Şonuň netijesinde 8-nji dekabrda sanjym işlerini ýola goýan Şotlandiýada “Biontech-Pfizer” hem-de “Oxford-AstraZeneca” sanjymlarynyň ýeke-täk dozasynyň hem bu ýokançlyk bilen hassahana ýüz tutýanlaryň sanynda ep-esli derejede azalmaga mümkinçilik berendigi mälim edildi.

Edinburg uniwersitetiniň User institutynyň professory Aziz Şeýh, şu güne çenli geçirilen barlaglaryň netijesinde, sanjym işleriniň oňat netijeler berendigini we munuň geljege umytly garamak üçin gowy mümkinçilikleir döredýändigini belledi.

Lukman aýtmagyna görä, 8-nji dekabrdan 15-nji fewral aralygynda toplanan maglumatlar esasynda Şotlandiýada 5,4 million ilatyň arasynda 1,14 million adama sanjym edilendigini görkezýär we bu görkeziji 21 göterime deňdir.

5,4 million adamyň saglyk ýazgylaryny seljermek arkaly alnan maglumatlarda sanjym edilenleriň hassahana ýüz tutmalaryň ep-esli derejede azalandygy belli boldy.

 

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy