TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym üçin 2 million baýrak

Koronawirus ýokanjyna garşy sanjymy  höweslendirmek maksady bilen ABŞ-nyň “Amazon” kompaniýasy jemi 2 million dollar pul baýraklary paýlamagy meýilleşdirýär.

Bütindünýädäki täsiri dowam edýän koronawirus pandemiýasyna garşy göreş dowam edýärkä, soňky aýlarda güýje giren “Delta” warianty sanjymyň ähmiýetiniň möhümdigini görkezdi.

Dünýädäki köp ýurt we kompaniýalar sanjym derejesini ýokarlandyrmak we halky höweslendirmek üçin dürli höweslendiriji baýraklar berýär.

ABŞ-nyň elektron söwda ägirdi “Amazon” kompaniýasy koronawirus bilen baglanyşykly wakalaryň çylşyrymly bolmagynda galýandygy üçin sanjymy höweslendirmegi göz öňünde tutýar.

“Amazon” kompaniýasy “Max Your Vax” höweslendiriş kampanýasy bilen jemi 18 baýrak goýdy. Sanjym bolanlara loteraýalar berler. Onuň netijesinde, 2 adama 500 000 dollar, 6 adam 100 müň dollar, 5 awtoulag, 5 sany dynç alyş ýollanmasy berler.

 

Messi “PSŽ” bilen şertnama baglaşdy

Ýene-de okaň

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

“Green Card” (Grin Kard) boýunça resminamalar kabul edilip başlandymy?

Baş Redaktor

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Teswirle