TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Samsung” täze smartfonlaryny tanyşdyrdy

Dünýä belli “Samsung” kompaniýasy özüniň täze smartfonlaryny tanyşdyrdy, şeýle hem täze planşetleri barada habar berdi. Kompaniýanyň smartfonlary 11-nji martda satuwa çykarylýar.

Kompaniýa “Galaxy S22”, “S22+” we “S22 Ultra” smartfonlaryny halk köpçüligine görkezdi. Şeýle hem “Galaxy Tab S8” planşeti barada maglumat berdi, onuň düzümine “S8”, “S8+” we “S8 Ultra” girýär.

“GALAXY S 22 ULTRA” ÇALT ZARÝAD ULGAMY BILEN TAPAWUTLANAR

“Galaxy S22 Ultra” täze 4-nanometrlik prosessor bilen üpjün edildi we 45 Wt kuwwatlygyndaky çalt zarýad beriji bilen enjamlaşdyryldy. Kompaniýanyň maglumatyna görä, 10 minut zarýad alandan soňra 54 minut wideo ýazgy etmek ýa-da serialyň 4 epizodyny görmek mümkinçiligine eýe bolup bolar. Smartfona “S Pen” elektron galam ýerleşdirilip, onuň bilen hat ýazmak we surat çekmek bolar.

“S22 Ultra” smartfonunyň kamerasynyň linzasy kämilleşdirilen “Super Clear Glass” bolup, gije wagty hem takyk widoe ýazgy etmäge şert döredýär.

Mundan başga-da, kamera şekili ölçäp, islenýän zady 100 esse ýakynlaşdyryp biler. Telefonyň ekrany 6,8 dýuýmlyk “Dynamic AMOLED 2X”.

“GALAXY S22” WE “S22+” BARADA…

Öz gezeginde “Galaxy S22” we “S22 +” smartfonlarynda 50MP ýokary çözgütli esasy kamera, 10MP telefon linzasy we 12MP ultra giň burçly linza bar.

“Galaxy S22”-iň 25W çalt zarýad berýän batareýasy bar, “Galaxy S22 +” -iň bolsa batareýanyň ömri bir günden köp.

“S22 Ultra” ýaly bu smartfonlarda 4 nanometrlik prosessor bar. 6.1 dýuýmlyk “Galaxy S22” displeýi we 6,6 dýuýmlyk “Galaxy S22 +” “Vision” güýçlendiriji tehnologiýasy bar. Ekrany daşky gurşaw ýagtylygyna awtomatiki sazlaýar we reňk kontrastyny ​​optimizirleýär.

SATUW SENESI WE BAHASY…

Ähli täze önümler 11-nji martda “Samsung” onlaýn dükanynda, resmi “Samsung” dükanlarynda we hyzmatdaş torlarynda satuwa çykarylar. Aşakdaky reňkler diňe “Samsung”yň resmi onlaýn dükanynda elýeterli bolar: “gyzyl”, “gök”, “grafit”.

“SAMSUNG GALAXY S22 ULTRA” BAHASY
8 Gb RAM + 128 Gb: 1199 $
12 Gb RAM + 256GB: 1299 $
12 Gb RAM + 512GB: 1399 $
12 Gb RAM + 1TB: $ 1499

 

10-njy fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle