TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Samsunda medeni çäre : Garaşsyzlyk baýramy

Türkiýäniň Samsun şäheriniň “Ondokuz Maý” Uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan berilen maglumata görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň Samsun şäheriniň “Ondokuzynjy maý” uniwersitetinde, bu uniwersitetde we bu ýerdäki beýleki okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda medeni çäreler geçirildi.

Bu çärä  “Ondokuzynjy maý” uniwersitetiniň rektory Prof. Dr.Ýawuz Ünal, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkiýäniň Mejlsiniň Türkmen-Türk parlamentara dostlik toparynyň agzasy deputat Bedri Ýaşar, Samsun şäheriniň Ilkadym etrabynyň häkimi Nejattin Demirtaş,  uniwersitetiň prorektorlary, professor-mugallymlary, türkmen we halkara talyplary hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli uniwersitetiň binasynda Ilçihana tarapyndan Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň gymmatly eserleriniň, fotosuratlaryň we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Bu sergide Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň kitaplarynyň onlarçasy ýerleşdirildi, Türkmenistanyň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen gatnaşyjylar ýakyndan tanyşdyryldy.

Soňra türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk  ýubileýi boýunça konsert maksatnamasy boldy. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de ýurdumyzyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrýan wideorolikler görkezildi.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işler we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi.

Şeýle hem “Ondokuzynjy maý” uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Ýawuz Ünal, deputat Bedri Ýaşar we Ilkadym etrap häkimi Nejattin Demirtaş özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň hemişe üstünlikli bolmagyny arzuw edýändiklerini, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini we Samsunda okaýan Türkmenistanly ýaşlaryň okamaklary we okuwlaryny üstünlikli tamamlamaklary üçin zerur bolan goldawlary berjekdikleri barada bellediler.

Soňra türkmen ýaşlarymyzyň tarapyndan taýýarlanan konsert maksatnamasynda talyp ýaşlarymyz Ata-Watanymyz Türkmenistany wasp edýän şowhunly aýdym-sazlary we dutar sazlaryny ýerine ýetirdiler, edebi-drama sahnalary we goşgular bilen çykyş etdiler. Medeni çärä gatnaşan talyp ýaşlarymyz bu çäräniň guralandygy üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

«EKSPO-2020»: Türkmenistanyň Milli güni geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle