SPORT

Sambo boýunça dünýä çempionaty noýabr aýynda geçiriler

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berdi.

Resminama laýyklykda:

— Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy;

— Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen ylalaşyp, Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy;

— Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi çempionata daşary ýurtly gatnaşyjylara terjimeçilik hyzmatyny etmek üçin, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplary meýletinçiler hökmünde çekmegi üpjün etmäge borçly edildi;

— Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we onuň beýleki sport maksatly desgalarynda sambo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleriniň hem-de çempionata gatnaşjak daşary ýurt döwletleriniň türgenleriniň okuw türgenleşiklerini geçirmegi guramak tabşyryldy.

 

Buharada türkmen-özbek dostluk konserti geçirildi

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 40 ýaşdan uly 7 futbolçy çempionata gatnaşýar

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady