BILIM

Salam, tomus! Mekdep okuwçylarynyň dynç alşy başlady

2-nji iýunda paýtagtymyzyň gür bagy-bossanlyga bürenip oturan gözel künjeginde ýerleşýän Çagalar we ýetginjekler köşgünde mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dabarasy boldy. Ir säherden aýdym-saza beslenen dabara dynç alşa ugradyljak çagalar we olaryň hossarlary, köp sanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýerde körpe nesilleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin owazlar, çagalar folklor we tans toparlarynyň çykyşlary ýakymly pursatlary döretdi. Ertekileriň meşhur gahrymanlarynyň hem bu dabara gatnaşyp, çagalaryň şatlygyny paýlaşmagy körpe myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ajaýyp dabaralardan soň, «Gökderäniň aýdymyny» dillerine sena edinen körpe nesillerimiz bagtly çagalygyň mekanyna sary ýola rowana boldular.

Bilşimiz ýaly, Gökdere jülgesi jana şypaly arassa howasy, tebigat gözellikleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gojaman daglar, towlanyp akýan çeşme-çaýy, salkyn jülge… behişdi mekana öwrülen bu ýerde welaýatlarymyzdan we paýtagtymyzdan gelen mekdep okuwçylary we körpeleri özleriniň iň bir gyzykly, ýatdagalyjy, şadyýan pursatlaryny başdan geçirerler.

 

 

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy welosiped ýörişini gurady

Ýene-de okaň

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi