TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Salah “Liwerpulda” galdy

Müsüriň soňky ýyllarda futbol dünýäsini gazandyran esasy futbolçylarynyň biri bolan Mohamed Salah Angliýanyň “Liwerpul” topary bilen şertnamasynyň möhletini 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Ýylda 21 million ýewro zähmet haky aljak Salah toparyň taryhynda iň köp gazanýan futbolçy bolar. Ol hepdede 350 müň funt-sterlingden köp hak alar.

Bilşimiz ýaly, Salahyň şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylda tamamlanýar. Uzak wagtlap dowam eden gepleşikleriň netijesinde ylalaşyk gazanyldy. Salah we onuň menejeri futbolçynyň zähmet hakynyň ýokarlandyrmagy babatda topara birnäçe teklipler berdi.

Şol teklipleri seljeren topar özüniň düzümindäki iň güýçli futbolçylaryň biri bolan Salahy toparda galdyrmak babatda çözgüt kabul etdi. Salah bilen şertnama futbolçynyň dynç alýan ýerinde gol çekildi.

Täze şertnama tamamlananda Salah 33 ýaşynda bolar. Şertnama barada “Liwerpul” toparynyň websaýty bilen söhbetdeşlikde Salah: “Özümi gaty gowy duýýaryn we bu klub bilen gazanan kuboklaryma begenýärin. Bu hemmeler üçin bagtly gün. Birneme wagt gerek boldy” – diýip belledi.

30 ýaşyndaky Salah “Liwerpul” toparyna 2017-nji ýylda geçdi. Ol ozal Italiýanyň “Roma” toparynyň düzüminde çykyş edýärdi. Salah “Liwerpul” bilen 254 duşuşykda oýnap, 156 gol geçirdi.

Şeýle hem ol “Liwerpul” topary bilen Angliýanyň çempiony bolup, Angliýanyň kubogynyň, Angliýanyň ligasynyň kubogynyň, Çempionlar ligasynyň kubogynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kubogynyň eýesi boldy.

Salah üstümizdäki ýylda görkezen netijeli oýny bilen Angliýanyň futbol žurnalistleri birleşigi hem-de Angliýanyň professional futbolçylar assosiasiýasy tarapyndan “Ýylyň futbolçysy” baýraklaryna eýe boldy.

“Liwerpul” toparynyň tälimçisi Ýurgen Klopp Salahyň şertnamasynyň möhletiniň uzaldylmagy barada beren beýanatynda: “Elbetde, gepleşikler birnäçe wagt aldy, ýöne bu adaty bir zat. Mo dünýäniň iň gowy futbolçylaryndan biridir.” diýip belledi.

 

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle