SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus üçin tebigy bejeriş – buýan köki

“BioRxiv” kitaphanasynda neşir edilen gözlegiň netijesine görä, Germaniýanyň Essen uniwersitet hassahanasynyň alymlary laboratoriýa gözlegleri üçin 8 mg/ml buýan köküniň şerbetini taýýarladylar. Soňra dürli dozalarda (0,002-den 4 mg / ml) taýýarlanan şerbeti, 50% göterim koronawirus ýokuşan adamynyň 100 dozasyna goşdular we 37oC derejede bir sagadyň dowamynda üstünde işlenildi. Buýan şerbetiniň 0,5-1 mg / ml örän täsir ediji boldy. Şeýle hem bu derman serişdesi koronawirusyň täze görnüşini bejermekde täsirli bolup biler diýip, alymlar nygtap geçýärler.

Antioksidant we sowuklama garşy häsiýete eýe bolan glisirin turşusy, mundan öň başga-da birnäçe wiruslarda ulanylyp, subut edilipdir. Alymlar buýan köküniň şerbetini we glisirin turşusynyň koronawirusa edýän täsirini has jikme-jik öwrenmelidigini belläp, bu maddanyň howpsuzdygyny bellediler.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!