SIZDEN GELENLER

Saglyk — baş baýlyk

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda döwrebap saglyk merkezleriniň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ösen milli saglyk ulgamy kemala geldi. Saglyk babatynda halkara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Netijede, türkmen halky ýokary derejeli we elýeterli saglyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan, ilaty ilkinji lukmançylyk, hassahana, şypahana, saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün edýän edaralarda, şol sanda dermanhanalarda elektron maglumat ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny döretmek hem-de ony Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Bu ulgam bejeriş-anyklaýyş işleriniň netijeli guralmagyna, lukmanlaryň zähmet netijeliliginiň ýokarlanmagyna, lukmançylyk gullugynyň we bölümleriniň özara aragatnaşygynyň pugtalanmagyna ýardam berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek boýunça işler üstünlikli amala aşyryldy. Aýratyn-da, eneleriň we çagalaryň saglygy goralyp, birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edilip, sagdyn durmuş ýörelgeleri durmuşa ornaşdyryldy. Ilatymyz ýerli ösümliklerden hem-de çig mallardan özümizde öndürilýän dermanlar, saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bitarap döwletimizde halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ösen ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde telelukmançylyk, telemaslahatlar arkaly tejribe alyşmak we näsaglara degişli maslahatlary bermek hyzmatlary ýola goýuldy.

“Döwlet adam üçindir!” şygary bilen alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatda halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy ileri tutulýаn ugurdyr. Milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň gazanan iň uly üstünlikleriniň hatarynda ykrar edildi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar.

Ýokary hünär derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagy, şeýle-de dünýäniň belli önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, türkmenistanlylara ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de saglygy goraýyş desgalary gurulýar.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” adyny alan ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Ol ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilendir. Keselleri öz wagtynda anyklamak, näsaglara netijeli bejergi geçirmek hem-de olara talabalaýyk gözegçilik etmek bu ugurdaky ileri tutulýan wezipelerdir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan we gurulýan saglygy goraýyş desgalary, ilkinji nobatda, döwrebap lukmançylyk merkezleridir hassahanalar bu wezipeleri çözmäge gönükdirilip, halkymyzyň saglygy baradaky bimöçber aladanyň nyşanydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, biz berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge örän uly ähmiýet berilýär.

Biz — lukmanlar geljekde Lukman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, raýatlarymyzyň saglygy ugrunda ähli ukyp-başarnyklarymyz bilen tutanýerli, ýadawsyz zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Mähri Daňatarowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Lukmançylyk fizikasy we informatika kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy

“Hakyda göwheri” – milli mirasyň sarpasy

Türkmenistan-TÜRKSOÝ: köpugurly hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Saglyk ulgamynda sanly mümkinçilikler

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy