SIZDEN GELENLER

Saglyk – bahasyz baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerini nazarlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady nusgalyk derejede berkidildi. Dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, işe girizilen döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň sany barmak büküp sanardan has köpdür.

Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň gazanylmagyny şertlendirdi. Onuň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak işleri köpugurly häsiýete eýedir. Döwletimiz raýatlaryň saglygyny goramakda durmuş ugurly syýasatyna, lukmançylyk hyzmatlarynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegine hem-de kämilleşdirilmegine, ekologiýa abadançylygyna, şol sanda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine möhüm ähmiýet berýär. Şunuň ýaly tutumlar ata Watanymyzy sözüň doly manysynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürdi.

«Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, zenanlary reproduktiw döwründe ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar.

Durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar, ilkinji nobatda, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilýär. Şunda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna möhüm orun degişli bolup, olarda göz öňünde tutulan wezipeler yzygiderli amala aşyrylýar. Şeýle hem «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020–— 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa» laýyklykda, çaganyň irki ösüşi üçin zerur bolan ýokary hilli saglyk hyzmatlary, sagdyn iýmitleniş, mekdebe çenli bilimiň üpjün edilmegi ugrundaky işler hem üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda BMG-niň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF, Ilat gaznasy ýaly iri düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklanylýar.

Şöhratly taryhymyzdan orun alan 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirildi.

Geçen ýylyň dowamynda köp sanly dürli maksatly desgalar bilen birlikde, paýtagtymyzda üç sany täze merkeziň — 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, şeýle hem «Arçman» şypahanasynyň täze bejeriş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylda sebitde deňi-taýy bolmadyk, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäherinde hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş we lukmançylyk desgalarynyň ençemesi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolaryň biri hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezidir.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan aýratyn goldawa mätäç çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Bu gazna ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga bolan goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda hem möhüm ähmiýetli desgalaryň ençemesi ulanmaga berler. Şolaryň hatarynda Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň hem bolmagy Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Gülnabat Toşşiýewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Patalogik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Häzirki zaman saglygy goraýşyň belent derejesi

Saglyk ulgamynda döwrebap ösüşler

Ösüşlere beslenýän ykdysady özgertmeler

Türkmenistan – sport mekany

Änewiň baý taryhyny taryplaýan gymmatly eser

Gadymy medeniýetiň ajaýyp waspy