TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Şa zenany Ýelizawetanyň mum heýkeli ýasaldy

Şa zenany Ýelizawetanyň mum heýkeli Angliýada ýasalyp, Blekpuldaky “Madam Tussa” muzeýine ýerleşdirildi. Bu heýkel şazada Uilýamyň we Keýt Middltonyň, Kembrij modelleri bilen birleşjek syýahatçylyk merkezinde ýerleşýär.

Ýelizawetanyň mum heýkeli, arabasy bilen bilelikde köçelerden we seýilgählerden geçirip, muzeýe äkidildi. Şa zenanynyň itjagazy Korgisa bolan söýgüsi hemmä mälimdir. Şol sebäpden Korgisiň hem heýkeli şa zenanyna ýoldaş edip ýasaldy.

“Madam Tussa ” muzeýiniň baş müdiri Stýuart Jarman “Şa zenanynyň täze keşbiniň ýanymyzda bolanyna begenýäris. Ol bu ýerde iň meşhur heýkel bolup, özüne çekijiligi bilen saýlanýar. Muzeýe gelen myhmanlar, ýaşlar we garrylar sapar wagtynda hemişe bu heýkeli görmek isleýärler.” -diýdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkiýe Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurar

Teswirle