TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

S.Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen mähirli salamyny hem-de XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli gutlaglaryny, şeýle hem ähli ýapon halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Imperator Naruhito öz nobatynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysyna hoşallygyny bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we ähli halkyna parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli, sazlaşykly hem-de däbe öwrülen dostlukly häsiýetine kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup galýandygyny aýtdy.

Taraplar özara gatnaşyklaryň meselelerine geçmek bilen Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny gurmak bilen, netijelik hyzmatdaşlyk ýoluna ygrarlydygyny görkezýärler.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Tokio şäheriniň Olimpiýa stadionynda Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Dabara türgenleriň ýörişi bilen açyldy. Dünýäniň güýçli türgenleriniň hatarynda Watanymyzyň Tugy astynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary hem geçdiler. Sportuň 4 görnüşi boýunça çykyş edýän türgenleriň 9-sy bar.

 

Tokio-2020: Medallaryň sanawynda Hytaýda öňde

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

Teswirle