TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

S.Berdimuhamedow Gazagystanyň wekiliýetini kabul etdi

Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan özara hereketleriniň soňky ýyllarda täze derejä çykarylandygy hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrylandygy bellenilip geçildi. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli häsiýetini nygtamak bilen, olaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna itergi berýändigi beýan edildi.

Şu nukdaýnazardan, söwda, oba hojalygy we daşky gurşawyň goragy, bilim we ylym, maglumat we tehnologiki alyş-çalyş, şonuň ýaly-da ileri tutulýan beýleki ugurlardaky özara hereketleriň has hem giňeldilmegine gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň ähmiýetli mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan hem Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň çekilmegi arkaly halkara we sebit derejesindäki awtoulag, demir ýol hem-de deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine ähmiýet berildi.

Şonuň ýaly hem, S.Berdimuhamedow we R.Sklýar türkmen-gazak özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hem aýratyn üns berdiler.

 

Aşgabatda türkmen-gazak hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle