BIZNES

“Rysgal” banky: hyzmatlar üçin tölegleriň möçberlerine üýtgeşmeler girizdi

Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan ýuridiki we fiziki şahslara edilýän birnäçe hyzmatlar üçin tölegleriň möçberlerine (tariflere) üýtgeşmeler girizer. Bu barada bankyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. 

Üýtgeşmeler aşakdaky bank hyzmatlarynyň görnüşlerine degişlidir:

– hasap hyzmatlary;

– «Rysgal» bankynyň içindäki, banklaryň arasyndaky, Türkmenistanyň çägindäki we ýurduň çäginden daşarky tölegler;

– kassa amallary;

– daşary ýurt walýutasyny çalyşmak amallary;

– akkreditiwler;

– POS-terminallar we bank kartlary arkaly amala aşyrylýan amallar;

– «Rysgal» bankynyň we Türkmenistanyň beýleki banklarynyň bankomatlaryndan nagt pul serişdelerini çekmek;

– Türkmenistan boýunça nagt däl hasaplaşyklar;

– Mini-göçürme almak;

– beýleki amallar.

Şeýle hem «Rysgal» bankynyň bank kartlaryny ulanyjylar üçin nagt däl pul serişdelerini «Rysgal» banky we Türkmenistanyň beýleki banklary tarapyndan çykarylan bank kartlarynyň arasynda hasapdan hasaba geçirmek hyzmaty giriziler. Tutumyň mukdary degişlilikde 1 we 2 göterim möçberde bolar.

Bank hyzmatlarynyň görnüşleri we täzelenen tarifler bilen şu ýerde has içgin tanşyp bilersiňiz.

 

“Petronas” iÅŸe çagyrýar

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy