TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Rysarlyk derejesini alan “Formula 1” türgeni

Sportuň iň köp tomaşa edilýän görnüşleriniň biri bolan “Formula 1” ýaryşlarynyň ökde türgeni Lýuis Hemilton mundan beýläk Ser Lýuis Hemilton boldy. 8-njy çempionlygyny gazanmaga bir ädim galan Lýuis Hemilton soňky ýaryşda niderlandly sürüji Maks Ferstappen yzda galypdy.

7 gezek çempion bolup, adyny “Formula 1” ýaryşlarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazdyran Hemilton çempionlygyň ýerine rysar derejesine mynasyp boldy. Ol awtomobil sportynda bitiren uly hyzmatlary üçin rysarlyk derejesine mynasyp boldy.

36 ýaşly britaniýaly Hemiltona rysarlyk derejesini şazada Çarlz berdi. Dabara Widzor köşgünde geçildiri. Hemilton bu dabara ejesi Karmen Larbalestir bilen bile geldi.

Hemilton rysarlyk derejesine mynasyp bolan 4-nji “Formula 1” türgenidir. Mundan ozal, şeýle derejä Jek Stýuart, Stirling Moss hem-de Jek Brebem mynasyp bolupdy.

“Mercedes” toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton 2021-nji ýylda “Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Ferstappenden ýeňildi.

 

HOŞ HABAR! Türkmen dutary ÝUNESKO-nyň sanawynda

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle