DÜNÝÄ

Russiýadan Türkmenistana dostluk goldawy

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti Türkmenistana iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde lukmançylyk maksatly serişdelerden ybarat bolan ynsanperwer kömegini iberdi.

Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty Russiýanyň Raýat goranyş, adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek ministrliginiň resmi internet saýtyna salgylanyp habar berýär.

Rus ministrliginiň resmi saýtynda bu barada şeýle diýilýär:

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň tabşyrygy esasynda Russiýanyň MÇS edarasy Türkmenistana ynsanperwer kömegini amala aşyrdy.

1-nji aprelde Russiýanyň MÇS edarasynyň “Il-76” uçary bilen Aşgabat şäherine 12 tonnadan ybarat bolan ynsanperwer ýüki getirildi. Ynsanperwer ýüküniň düzüminde dermanlyk serişdeleri, gorag egin-eşikleriniň toplumy, agyz-burun örtükleri we lukmançylyk enjamlary bar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem tabşyrygy esasynda türkmen tarapy Russiýa Federasiýasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Türkmen kärhanalarynda öndürilen harytlardan ybarat ynsanperwer kömegi dostlugyň we hoşniýetliligiň nyşany hökmünde Russiýanyň Astrahan sebitine iberildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş Assambleýasy Palestina döwletiniň döredilmegini goldady

Türkmenistan Türki döwletleri guramasynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Buharestde III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi

FIFA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy Daşkentde açylar