SPORT

Russiýanyň futbol çempionaty badalga aldy

Russiýanyň futbol çempionatynyň täze möwsümi, ýagny 2022/2023-nji möwsümi badalga aldy. Üstümizdäki möwsüm rus futbolynyň näderejede gyzykly boljakdygy hemmeleri gyzyklandyrýan bols agerek. Bu möwsümde rus futbol toparlary Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ýaryşlarayna gatnaşmaýarlar.

Çempionata 16 topar gatnaşýar. 30 tapgyrynyň ahyrynda Russiýanyň futbol çempionatynyň bu möwsüminiň çempiony belli bolar. 

Täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda geçen möwsümiň çenpiony “Zenit” topary myhmançylykda “Himki” topayr bilen duşuşdy.

Bu duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Köp sanly janköýerler “Zenit” toparyndan ýeňiş gazanýardy. “Zenit” topary golaýda geçirilen Russiýanyň Naýbaşy kubogynyň finalynda “Spartak” toparyny ýeňip, möwsümde kubok bilen başlapdy.

Rus çempionatynda şenýe güni “SSKA” topary “Ural”, “Spartak” bolsa “Ahmat” toparlary bilen duşuşar.

Ýekşenbe güni bolsa, “Lokomotiw” topary “Pari NN”, “Dinamo” topary “Rostow”, “Krasnodar” topary bolsa “Fakel” bilen duşuşyklar geçirer.

Russiýanyň “MIR” milli töleg ulgamy nobatdaky futbol çempionatynyň hemaýatkäri boldy.

 

 

Ýaş alymyň üstünlikleri

Ýene-de okaň

“Nýu-Ýork” 53 ýyldan soňra NBA-nyň çempiony boldy

Dünýä çempionaty: Türkiýe utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi