Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda saparda bolar. Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 28-nji iýunda Aşgabada geler.

Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Mariýa Zaharowa metbugat ýygnagynda belläp geçdi. Ol Lawrowyň Eýran, Azerbaýjan, Türkmenistan, Belarus we Indoneziýa ýaly ýurtlara amala aşyrjak saparlary barada habar berdi.

Habar bermegine görä, Lawrow 28-nji iýunda Aşgabada gelip, Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Bu duşuşyk Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlygyň çäklerinde geçiriler. Duşuşykda Hazar sammitine taýýarlyk we Hazar sebitindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 21-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

 

Özbegistan bilen Azerbaýjan bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döreder