SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa ýörite däl, adaty gatnawlar bolar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy “Telegram” jemgyýetçilik tory arkaly Russiýa ugurly ýörite uçar gatnawlaryna resminamalary tabşyrmak barada beýanat beripdir.

Şol beýanatda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda awiagatnawlaryň dikeldilmegi bilen (“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabat-Kazan-Türkmenabat ugurly gatnawlary) Ilçihananyň konsullyk gullugy Russiýa ýörite uçar gatnawlary üçin resminamalary kabul etmegi togtadýar.

Şu ýylyň 10-njy, 17-nji hem-de 24-nji iýunynda göz öňünde tutulan ýörite gatnawlar adaty ýagdaýda amala aşyrylar.

Ýüz tutan raýatlar Russiýa “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň yzygiderli adaty gatnawlary arkaly gidip bilerler, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna degişli resminamalary tabşyrmak arkaly ýüz tutup, ýurtdan çykmak barada rugsatnama almak zerurlygy aradan aýrylýar.

Kazana yzygiderli gatnawlar her hepdäniň çarşenbe günleri ýerine ýetiriler.

Bu beýanat bilen baglanyşykly üýtgetmeler bolan halatynda Russiýanyň ilçihanasynyň saýtynda we “Telegram” jemgyýetçilik torunda goşmaça habar berler.

 

 

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär