TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Russiýa-Eýran: söwda dolanyşygy 10 milliarda ýetiriler

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Ol saparyň çäklerinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy, rus işewürleri bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi Tährana dolanyp gelenden soňra bu sapary bilen baglanyşykly metbugat wekillerine ýüzlendi. Raisi rus kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandygyny belläp, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek babatda ylalaşyklaryň gazanylandygyny, ilkinji tapgyrda söwda dolanyşygyny 10 milliard dollara çenli ýetirmegiň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem Eýranyň Prezidenti oba hojalyk önümleriniň eksporty-importy babatda gepleşikleriň geçirilendigini, halkara ulag geçelgelerinden işjeň peýdalanmak babatda pikir alşylandygyny belledi.

Mundan başga-da, Raisi Eýranyň nebit ministriniň özüniň rus kärdeşleri bilen gepleşikler geçirip, nebit we tebigy gaz ýataklarynyň özleşdirilmegi babatda ylalaşyklar gazanandygyny belledi.

Şeýle hem bu saparyň barşynda Russiýa we Eýran taraplarynyň daşary syýasat meseleleri boýunça gepleşikler geçirendiklerini aýtdy.

 

21-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Türkiýede Stambul gaz sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Çehiýa: diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl doldy

Ata Watan Eserleri

Teswirle