SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Rus syýahatçylar Antalýa gelip başlady

Russiýanyň 2 aýdan soňra Türkiýä uçar gatnawlaryny täzeden başlamagyna rugsat bermegi bilen rus syýahatçylar Antalýa gelip başlady.

Tükriýede koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýyň çylşyrymlaşmagynyň netijesinde, Russiýa aprel aýynda uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtadypdy. Golaýda Russiýadan 7 adamdan ybarat topar Türkiýede bolup, Antalýa howa menzilinde, Manawgat hem-de Belek sebitlerini aýlanyp, syýahatçylyk desgalarynda boldular.

Bu toparyň beren hasabatynyň netijesinde, Russiýanyň hökümeti uçar gatnawlaryna rugsat berdi. 15-nji aprelde togtadylan uçar gatnawlary 22-nji iýundan başlap, täzeden güýje girizildi.

Ilkinji rus syýahatçylary Antalýa geldiler. Moskwadaky “Wnukowa” howa menzilinden Türkiýäniň milli awiakompaniýasy 132 syýahatçyny Antalýa getirdi.

Şu günüň dowamynda 44 uçar gatnawy amala aşyrylyp, 12 müňden gowrak rus syýahatçysy Antalýa geler. Möwsümiň dowamynda rus syýahatçysynyň sany 5 milliona ýeter diýip çaklanylýar.

 

 

22-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar

Türkmenistan Gruziýadaky Bütindünýä syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniñ jana şypaly şypahanalary