SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Rus sanjymy Ýewropada öndüriler

Serbiýa Ýewropada Russiýanyň koronawirus ýokanjyna garşy işläp dözen “Sputnik V” sanjymyny öndürip başlan ilkinji ýurt bolar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Serbiýada Russiýanyň “Sputnik V” sanjymynyň önümçiligine bagy’lanan dabara oýlaýn tertipde gatnaşdy. Önümçilik Belgraddaky “Torlak” wirusologiýa institutynda alnyp barar.

Bu ýerde rus sanjymynyň 4 millionyny öndürmek meýilleşdirilýär. Belgradyň “Torlak” wirusologiýa institutynyň müdiri Wera Stoilkowiç Serbiýanyň Ýewropada rus sanjymyny öndürip başlan ilkinji ýurt boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Serbiýa Ýewropada ilkinji bolup “Sputnik V” sanjymyny urup başlan ýurtdyr. Häzirki wagtda Serbiýa sanjym edilen raýatlaryň sany boýunça Ýewropada öňdebaryjydyr, Serbiýanyň uly ýaşly ilatynyň 30%-den gowragy sanjym edildi, bu Ýewropanyň ortaça derejesinden iki esse köp.

 

“PSŽ” Ronaldo bilen gepleÅŸikleri geçirer  

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi