TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Rus olimpiýa ýeňijileri “BMW X5” awtoulag sowgat aldylar

Şu ýyly Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan Russiýanyň milli ýygyndysynyň türgenlerine “BMW” kysymly awtoulag sowgat aldylar.

Ilki bilen Russiýanyň milli ýygyndysynyň ýeňijileri Kreml köşgünde kabul edildi. Bu ýerde altyn medala eýe bolan türgenlere Russiýanyň Prezidenti tarapyndan dürli döwlet sylaglary gowşuryldy.

Şeýle hem Tokio Olimpiýa oýunlarynda kümüş we bürünç medallara eýe bolan türgenleriň döwlet sylaglaryny Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Igor Lewitin tarapyndan gowşuryldy.

MEDWEDEW TÜRGENLERE AWTOULAGYŇ AÇARLARYNY GOWŞURDY

Tokio Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji bolan türgenlere awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Awtoulaglar Russiýanyň Olimpiýa türgenlerini goldamak boýunça gaznanyň hasabyna maliýeleşdirildi.

Kreml köşgüniň meýdançasynda geçirilen dabarada Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew türgenlere awtoulagyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Olimpiýa oýunlarynda altyn medal alan türgenlere “BMW X5”, kümüş we bürünç medala eýe bolan türgenlere bolsa “BMW X3” kysymly kaşaň awtoulaglar sowgat edildi.

Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijilerine 77 awtoulag sowgat edildi.

Russiýanyň milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlarynda 20 altyn, 28 kümüş we 23 bürünç, jemi 71 medal gazandy.

 

Ronaldo Angliýa gollary bilen dolandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle