JEMGYÝET

Rus “Lukoil” kompaniýasy “Dostluk” ýatagynyň özleşdirmegine gatnaşar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Russiýanyň “Lukoil” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegine we beýleki nebitgaz ulgamyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soňra habarçylara beren beýanatynda Russiýanyň iri negitgaz kompaniýaysnyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow hormatly Prezidentimiz bilen örän netijeli duşuşygynyň bolandygyny belledi.

– Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti “Lukoil” kompaniýasyna “Dostluk” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy teklip etdi. Men bu teklibi biziň kompaniýamyza hormatly Prezident tarapyndan bildirilen ägirt uly hormat we ynam hökmünde kabul etdim. Biziň kompaniýamyz bu taslamanyň ykdysady taýdan netijeliligini, ekologiýa howpuzlygyny we tehnologik babatda kämillik derejesini kesgitlemek üçin tejribeli işgärlerini toplaýar. Şeýle hem biziň kompaniýamyz Hazar sebitiniň ýalpaklygynda we gury ýerde geologik gözleg işlerini alyp barmak we täze ýataklary özleşdirmek boýunça oňyn tejribe toplady. Biziň bu işleri ýerine ýetirmegimiz üçin ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar. Kompaniýamyz Türkmenistanda nebitgaz pudagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyr. Munuň özi biziň üçin uly hormat bolup durýar – diýip, Wagit Alekperow beýanat berdi.

“DOSTLUK” ÝATAGY BARADA…

Malim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Android ulgamynda işleýän Atavatan Applikasyýasynyň linki

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi