Italiýaly ozalky futbolçy we soňra tälimçi bolan Andrea Pirlony tälimçilige çagyran Türkiýäniň “Fatih Karagümrük” topary russiýaly futbolçy Magomed Ozdoýew bilen şertnama baglaşdy.
Bellenilişi ýaly, rus futbolçy bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşyldy. “Fatih Karagümrük” topary Türkiýäniň ýokary ligasynda işleýär. Geçen möwsümde bu topar Türkiýäniň “Superligasyny” 8-nji orunda tamamlady.
Magomed Ozdoýew Türkiýede oýnajak ikinji futbolçy bolar. Häzirki wagtda Fedor Kudrýaşow “Antalýaspor” toparynyň düzüminde çykyş edýär.
Russiýaly futbolçy Magomed Ozdoýewiň iýun aýynda “Zenit” topary bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti tamamlandy. Ol erkin futbolçy hökmünde täze topary bilen şertnama baglaşdy.
Ozdoýew 2018-nji ýyldan 2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli “Zenit” toparynyň düzüminde 116 duşuşykda oýnady.
Magomed Ozdoýew 2014-nji ýylda milli ýygynda çagyryldy. Ol milli ýygyndyda 30 duşuşykda çykyş etdi.
Alžir Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar
