BIZNES

Rus banky Özbegistana 1 milliard dollar karz berýär

Russiýanyň iri banklaryndan “VTB Bank” maliýe guramasy Özbegistanyň Nawoi dag-metallurgiýa kombinatynyň ösdürilmegi üçin 1 milliard dollar möçberinde karz serişdelerini bölüp berer. Bu barada rus bankynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “VTB Bank” banky bilen we Nawoi dag-metallurgiýa kombinaty kärhanasynyň arasynda maýa goýum maksatnamasyny maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy. Karz ugrunyň umumy möçberi 5 ýyl üçin 1 milliard dollar bolar.

Nawoi dag-metallurgiýa kombinaty Özbegistandaky iň uly magdan kärhanasy bolup, zawod altyn çykarmak we gaýtadan işlemek bilen meşgullanýar. Önümçilik mukdary ýylda 80 tonna altyn çykarmaga niýetlenendir.

Rus bankynyň bölüp berýän maliýe serişdeleri 2018-nji ýyld ulanmaga berlen Nawoi dag-metallurgiýa kombinatynyň maýa goýum maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdiriler.

Nawoi dag-metallurgiýa kombinaty dolulygyna döwlete degişli kärhanadyr. Onuň esasy altyn magdan gory Muruntau ýatagy bolup durýar. Kombinatyň düzüminde 4 sany gidrometallurgiýa zawodlary we beýleki desgalary hereket edýär.

 

 

Hytaý özüniň baş baýramyny belleýär

Ýene-de okaň

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar