MEDENIÝET

Rumyn tarapy «Awaza 2023» halkara tans we folklor festiwalyna çagyryldy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimowyň Rumyniýanyň medeniýet ministri Luçian Romaşkanu bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy myhmansöýerligi hem-de Türkmenistanyň medeniýet günlerini geçirmäge ýardam bereni üçin rumyn tarapyna hoşallyk bildirdi.

Taraplar medeni ulgamda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Hereket edýän ikitaraplaýyn medeni hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň ähmiýetini nygtamak bilen, onuň bilelikdäki çäreleri, şol sanda, birek-birekde Medeniýet günlerini geçirmäge oňat esas bolup durýandygyny aýtdylar.

Söhbetdeşler medeni diplomatiýanyň okgunly ösdürilýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň bir bölegi bolup durýandygy barada umumy pikiri beýan etdiler.

Şeýle hem olar şu ýylyň 13-16-njy iýunynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Awaza 2023» Halkara tans we folklor festiwalyna rumyn tarapynyň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Koreýa Respublikasynda halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň teatr işgärleri Russiýada tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanly ýaş şahyrlar TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri

Türkmenistanyň kitaphana ýolbaşçylary Bakuda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy