СОБЫТИЯ

Nurly günlere çakylyk

Günleriň birinde şeýle bir gözler maňa bakdy, ol gözler “bu ne gözel perizat, Wah arman” diýen sözleri okadym. Ol gözler gözlerime däl, kalbyma bakdy! Meger olar ýaly, duýgy Adam ömründe bolýan bolsa, onda ol adam şeýle bir bagtly adamlaryň biri bolmaly. Iki ynsanyň, iki kalbyň biri-birine sessiz düşünmegi, iki ýüregiň biri-biri üçin urmagy, ol günler şeýle bir bagtly günlerdi. Biri- biriňi mähir muhabbetden, durmuşa bolan höwesden dolduryp ýaşamak, gör nähili gowy durmuş bolar! Bu waka hakda ýene bir gün söz açarys.

Emma şu gün söýgi hakda gürrüň açyp, adamlaryň biri-birine bolan hormatynyň, sylanyşygynyň bolmagyny isleýärin! Eger gözüňizi ýumup, özüňizi diňleseňiz, aňyrdan gelýän nuruň – yşgyň ýylysyny duýarsyňyz. Ol ýylylyk bilen golaýlaryňyzy ýyladyň, maşgalaňyzy goraň. Adamzadyň başyna gelen kyn günleri diňe şeýdip ýeňip geçeris, bilelikde we agzybirlikde! Çünki, her beýik işleriň aňyrsynda, her ylhamyň aňyrsynda, hemme ýeňişleriň aňyrsynda ýüregine nur çaýýan, ruhuňa batyrlyk berýän söýgi duýgusy bardyr! Söýüň! Her dem alşy söýüň! Şu güni, şu wagty, şu Çagy söýüň, Allanyň beren her bir sekundynyň gadryny biliň! Her wagt ýüregiňizde nur bolsun. Biri-biriňize ýyly garap, hormat goýup ýaşaň!!!

Jeren Nurýagdyýewa, Aşgabat şäheri.

 

Ýene-de okaň

Туркменистан представит национальный павильон на ЭКСПО Китай–Евразия в Урумчи

Туркменистан присоединится к Протоколу об охране промышленных образцов к Евразийской патентной конвенции

В связи с Курбан байрамы 16-17-18 июня выходной перенесен на среду

Жители Дашогузского велаята нашли монеты 12-13 веков

Потенциал казахстанского экспорта в Туркменистан оценивается в $ 120 миллионов – Минторговли и интеграции Казахстана

В Стране восходящего солнца сияют огни культуры Туркменистана