СОБЫТИЯ

Kitap okan gullar magnydan dokdur

Sözbaşyny okap, içiňizden: «Ýene-de kitapmy?!» diýen bolmagyňyz mümkin. Hawa, ýene-de kitap.

Şu gün işe gelenimde ýaşulurak işdeşimiň stolunda duran Kerim Gurbannepesowyň «Oýlanma baýrysyna» gözüm düşdi. Kitaby aldymda, sahypalaryny waraklamaga durdum. Muny gören işdeşim ýylgyrdy-da: «Bu gün agtyjagymyň doglan güni. Şoňa sowgat edeýin diýip alaýdym» diýdi.

Doglan gün üçin şundan gowy sowgat bolup bilmez. Ýöriteläp özüňe berlen zadyň gadyram üýtgeşik bolýar. Öň kitap okamaýan bolsaň saňa niýetlenilip alnan zady okasyň gelýär…

***

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Bill Geýts bilen bolan söhbetdeşlikleriň birinde ondan: «100 ýaşa ýeteniňizde-de kitap okamagyňyzy dowam ederdiňizmi?» diýip soraýarlar. Muny kitaphon tanyşlarymyň birine gürrüň berenimde, ol:

— Soragy kitap okamaýan adamyň sorandygy bes-belli-dä» — diýip jogap berdi. Men:

— O nähili? — diýenimi duýman galdym.

— Olar kitaby baýamak üçin, ýa bolmasa güýmenje üçin okanoklar. Bir zat öwrenmek üçinem okaýandyrlar öýdemok. Olar kitaby okaman durup bilmeýändikleri üçin okaýarlar.

Men onuň aýdanlaryna doly düşünmedim:

— O nähili okaman durup bilenoklar?! Beýle zat mümkinmi?

— Kitaby düýbünden okap bilmeýänlerem bar. Şolaryňky mümkin bolsa, okaman durup bilmeýänleriňki mümkin bolup bilmezmi?

Onuň sowalyna jogap berip bilmedim. Bu ritoriki sowaldy. Jogap talabam etmeýärdi.

***

Okan kitaplarymyň birinde «Awtor öz kitabyny okajaklar üçin ýazsa-da, okyjylar ony awtor üçin okamaýarlar» diýen jümlä gabat gelipdim. Ýazyjy gör, nähili pidakär adam!

***

Gurbannazar Ezizow: «Eliňe ilen kitaby okamaly» diýýär. Dogry aýdýar! Kitaplaryň her biri özbaşyna bir dünýä ahyry! Hersinden ýekeje zat öwrenäýeniňde-de «nireden çykjagyň» belli däl.

***

Käbir adamlaryň bir ýylda okan kitaplarynyň sanyny görüp, «Bütin ýylyny şu kitaplary okap geçiräýipdir öýdýän» diýeniňi duýman galýarsyň. Diýmek, kitaba gezek gelende wagtam bereketi bilen berilýän bolmaly. Ýogsam bir ýylda 200-den gowrak kitap okamak dilde aňsat ahyry!

Aşyr SAPAR,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

Туркменистан представит национальный павильон на ЭКСПО Китай–Евразия в Урумчи

Туркменистан присоединится к Протоколу об охране промышленных образцов к Евразийской патентной конвенции

В связи с Курбан байрамы 16-17-18 июня выходной перенесен на среду

Жители Дашогузского велаята нашли монеты 12-13 веков

Потенциал казахстанского экспорта в Туркменистан оценивается в $ 120 миллионов – Минторговли и интеграции Казахстана

В Стране восходящего солнца сияют огни культуры Туркменистана