СОБЫТИЯ

Hepdelik täleýnama (9-15 awgust)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Indi hamallara doly dynç almagyň wagty geldi. Öňümizdäki hepde siz maşgalaňyz bilen öýde oturyp süýji-süýji söhbetler edip, durmuşyň hözirini görmelisiňiz. Hepdäniň duşenbe güni siz üçin kynrak bolmagy mümkin. Ýöne soňy bilen ähli zat ýerbe-ýer bolar. Siz özüňizi sabyrly alyp barmalysyňyz. Işde ýa okuwda kimdir biri bilen dörän jedelleriňizi birek-biregiň göwnüne degmän alyp çykmalysyňyz. Saglygyňyz gowy.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlara uly energiýa bilen bar güýjüni aýaman talantlyk derejä ýetmegiň wagty geldi. Görüpleriňize üns bermäň. Diňe maksadaokgunly hereket ediň. Ýöne zerur bolmasa töwekgelçilik etmäň. Iň esasy zat özüňize ynanyň. Ana şonda siz hemme maksatlaryňyza ýetersiňiz. Şeýle hem öňümizdäki hepdede sowurlar maşgalasy bilen bir döwletli maslahaty ara alyp maslahatlaşarlar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Öňümizdäki hepde jöwzalaryň “bagt açarlary” ellerine gowşar. Işde we beýleki zatlarda bir ädim öňe saýlanarsyňyz. Siziň maddy üpjünçiligiňiz ýokarlanar. Ýaş juwanlara oňat habarlar garaşýar. Siz bu hepdede jaý, maşyn ýaly emläkleri satyn alyp bilersiňiz. Garaz, öňümizdäki hepde size we siziň maşgalaňyza bagt gujagyny açyp, rahatlyk, üstünlik, saglyk ýaly ençeme gowluklar ýaran bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar öňümizdäki hepdä hyjuwly başlarlar. Şeýle bolsa-da özüňize erk etmelisiňiz. Siziň tanyşlaryňyz bilen biraz düşünişmezlik ýüze çykyp biler. Ýöne göwne degiji hereketden saklanyň. Mundan başga-da size öňümizdäki hepde gowluklar garaşýar. Siziň iş durmuşyňyz özgerer. Aýlygyňyz şol sanda abraýyňyz hem ýokarlanar. Hepde soňlarynda hoş habarlaryň gelmegine garaşylýar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Täze tanyşlyklaryň gerimini giňeltmegiň wagty geldi. Siz köpleriň ünsüni özüne çekýärsiňiz. Hepde ortasynda siz nämede bolsa bir şüweleňe gatnaşyp, ýa-da özüňiz gurnap bilersiňiz. Saglyk ýagdaýyňyza hem seretmeli wagty golaýlady. Özüňize dynç bermegi hem unutmaly däl. Maşgalaňyz ýa-da dost-ýarlaryňyz bilen bilelikde oňat dynç alyş meýilleşdiriň. Şonda bar işiňiz şowuna gider.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler geljek hepdä umytly, garaşylmadyk romantik sowgatlar bilen başlar. Häzirki wagtda işleriňiz, üstünlikli amala aşýan hem bolsa, hiç hili arkaýynlaşmaly dälsiňiz. Arzuw atyňyzy berk “jylawlaňda” ýadaman gije-gündiz maksadyňyz ugrynda zähmet çekiň. Şonda siz meşhur hem talantly bolup ýetişersiňiz. Jemgyýetçilik torlaryna berýän wagtyňyzy özüňizi ösdürmäge sarp ediň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Öňümizdäki hepde mizanlar üçin başagaý wagtlaryň biri köp bolar. Iş gözleýän mizanlar dürli görnüşdäki seminarlarda we guramalarda geçirilýän ýygnaklarda üstünlik gazanarlar. Olara taýýarlykly barmagy başaryň. Siz köpleriň ünsüni özüňize çekmegi başarmalysyňyz. Ýöne howlukman “ýedi ölçäp bir kesmegi” başarmalysyňyz. Geljek hepdede mizanlaryň maliýe ýagdaýy has-da gowulanyp, işleri ugryna bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar boş gürrüňlere gulak asyp hemme işleriňiziň gijikmegine ýol bermegiňizi bes etmegi ýyldyzlar aýdýarlar. Rahat düşekleriňizi terk edip herekete geçmegiň wagty geldi. Öňümizdäki hepde siziň işiňizde we saglygyňyzda mesele ýüze çykyp biler. Ýöne şondada sabyrly boluň. Özüňizi ele alyň. Pikirlenip herekete başlaň. Aýgytly ädimlerden başlap siz oňat netijeleri görüp başlarsyňyz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Kowuslar geljek hepdede örän ünsli çemeleşmelidirler. Şeýtseler hemme işleri ugryna bolar. Kowuslar hepdäniň dowamynda çeken zähmetleriniň hözirini görerler. Size şu aýyň iň aladaly günleri gelip ýetdi. Ýöne siz mundan ýeňillik bilen baş alyp çykyp bilersiňiz. Maşgala, söýgi we maddy taýdan jedellerden daşrak duruň. Bu siziň işiňize päsgel berip biler. Saglyk ýagdaýyňyz adatdakylar ýaly gowy.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jedilere indiki hepde syrly bir garaşylmadyk zadyň garaşýandygyny ýyldyzlar aýdýarlar. Ýöne olar öňümizdäki hepde örän başagaý bolarlar. Ertirden agşama çenli işleri ýetik bolar. Bu bolsa, üstünligiň açaryny siziň eliňize bermäge mümkinçilik berer. Maddy taýdan üpjünçiligiňiz durnukly halda saklanar. Käbir jedileriň maşgalasyna säheriň daň şemaly deý päkize bäbejikler gurşap alar.

Daluw (gowa 21.01. — 20.02)

Daluwlar üçin hepdäniň başy kynrak geçer. Ýöne gün-günden şowly geçmäge başlar. Indiki hepdede siziň maddy üpjünçiligiňiz has ýokarlanar. Käbir döreýän uşak jedellerden gaça duruň. Käbir ýaş çatynjalara “toý tutmak teklibiniň” gelmegine garaşylýar. Saglyk ýagdaýyňyz öňküden has-da gowulaşar. Öňümizdäki hepdede siziň çeken zähmetiňize baýraklar, garaşylmadyk sowgatlar garaşýar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Geljek hepde hutlar üçin iň bir şowly, bagtly hepdeleriň biri bolar. Mümkinçilikleri peýdalanyp hepdäni şatlykly geçiriň. Sizde öňümizdäki hepde goşmaça gazanç gazanmak mümkinçiligi bolar. Siz köpleriň zeýrenmegine gulak asman öz maksadyňyza tarap hereket etmelisiňiz. Öňüňizde belent maksatly işleriň garaşýandygy şonuň üçin siz özüňizi ösdürmelidigiňiz ýyldyzlar nygtaýarlar

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

Ýene-de okaň

Туркменистан представит национальный павильон на ЭКСПО Китай–Евразия в Урумчи

Туркменистан присоединится к Протоколу об охране промышленных образцов к Евразийской патентной конвенции

В связи с Курбан байрамы 16-17-18 июня выходной перенесен на среду

Жители Дашогузского велаята нашли монеты 12-13 веков

Потенциал казахстанского экспорта в Туркменистан оценивается в $ 120 миллионов – Минторговли и интеграции Казахстана

В Стране восходящего солнца сияют огни культуры Туркменистана