СОБЫТИЯ

Çagaňyzyň haýsy sport bilen meşgullanmalydygyny bilýäňizmi?!

Sport islendik ýaşly ynsanyň saglygyna peýdaly. Emma çagalary irki ýaşdan sporta gönükdirmegiň geljekde sagdyn jemgyýetiň binýadyny kemala getirýändigini unutmaly däldiris. Çagalaryň fiziki işjeňligiň kadalaşmagy olaryň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar, bedenini kislorod bilen üpjün edip, agşamky ukusynyň rahatlygyny sazlaýar, özüňi oňaýly duýmaga täsir edýär.

Çagalar üçin sport görnüşleri saýlananda, olaryň bedeniniň fiziki aýratynlyklarynyň göz öňüne tutulmagy maksadalaýykdyr. Eger siziň çagaňyz daş-töwerekde hemişe ylgaýan, bir ýerde durmak islemeýän hereketli we çeýe çaga bolsa, ony ýeňil atletika, suwda ýüzmek ýaly sport görnüşlerine ugrukdyrmagyňyz netijeli bolar. Ýa-da çagaňyz çepiksi bolup, agaja ýa beýleki ýerlere dyrmyşmagy söýýän bolsa, onda gaýa çykmakda (alpinistlikde) üstünlik gazanyp biler. Şeýlelikde, her bir çaganyň tebigy başarnygy, olara sportuň özleri üçin dogry görnüşini saýlamakda göz öňüne tutulmalydyr.

Çagalar üçin sport görnüşi saýlananda, olaryň isleglerini diňlemegi hem ýadyňyzdan çykarmaň. Käbir ene-atalar çagalaryny özleriniň ýaşlykda gatnan sport görnüşine, ýa-da özleriniň janköýerlik edýän sportuna gönükdirýärler. Emma sport bilen yzygiderli meşgullanmakda, geljekde ezber türgen bolup ýetişmekde, aýratyn-da sport dünýäsine ýeňil girişmekde çaganyň islegi, tebigy ukyby möhümdir.

Käte gürrüňçilikde kärdeşlerimiz çagasynyň okuwdan soň dil merkezine ýa beýleki gurnaklara gatnaýandygy üçin sport bilen meşgullanmaýandygyny aýdýarlar. Olar öz pikirlerini çagalarynyň sapaklara ýetişmezligi, artykmaç ýüklemeleriň bedene agram beräýmegi baradaky aladalary bilen delillendirýärler. Emma okuwdan soňky boş wagtyny öýde geçirýän çagalaryň hem daşarda ylgaýandyklary, bökýändikleri, kowalaşýandyklary barada pikir ediň. Alymlaryň aýtmagyna görä, fiziki maşklar bilen mekdepdäki ýetişigiň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bar. Çaga näçe köp türgenleşse, ol şonça sapaklaryny hem gowy özleşdirýär. Fiziki işjeňligi gazanmak maglumatlary ýeňil kabul etmäge, ýadamazlyga, ünsüňi güýçlendirmäge oňyn täsir edýär.
Irki ýaşdan sporta gönükdirmek üçin görnüşler saýlananda, çaganyň saglyk ýagdaýy hem göz öňüne tutulmaly zerur şertleriň biridir. Ene-ata çagasynyň saglyk ýagdaýyny hemmelerden, hatda çagaň özündenem gowy bilýär. Sport bilen meşgullanmak saglyga peýdaly bolup, bedeniň kuwwatlylygyny artdyrýan hem bolsa, sportuň ýörite bedeniň belli bir bölegine, agzasyna oňyn täsir edýän görnüşleriniň bardygyny ýatlatmak isleýäris. Meselem, eger siziň çagaňyz küýkerip ýöreýän bolsa, oňa suwda ýüzmek sporty has peýdalydyr.

Umuman, çagalykdan sportuň özleri üçin dogry görnüşi bilen meşgullanmak geljekde il-günümize abraý, Ata Watanymyza şan getirjek türgenleriň kemala gelmeginde möhüm başlangyçdyr. Biz indiki makalalarymyzda çagalar üçin sport görnüşleriniň aýratynlygy, ähmiýeti barada söhbet ederis.

Ýene-de okaň

Туркменистан представит национальный павильон на ЭКСПО Китай–Евразия в Урумчи

Туркменистан присоединится к Протоколу об охране промышленных образцов к Евразийской патентной конвенции

В связи с Курбан байрамы 16-17-18 июня выходной перенесен на среду

Жители Дашогузского велаята нашли монеты 12-13 веков

Потенциал казахстанского экспорта в Туркменистан оценивается в $ 120 миллионов – Минторговли и интеграции Казахстана

В Стране восходящего солнца сияют огни культуры Туркменистана