TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
СОБЫТИЯ

3-nji Nusga: “ Köni / könilik törü”

  • Altynjy mysal (KB №355): köni törü / doğrudan doğruya kanun/ göni töre.

 

Bu kün toğdı tegli törü ol köni,
bu ay toldı tegli kut ol kör anı
Bu Kün-Toğdı dediğim doğrudan-doğruya kanundur; Ay-Toldı ise, saadettir.
Bu Gündogdy diýlen töre ol göni,

Bu Aýdoldy diýlen gut ol, gör, ony.

 

Bu setirdäki “köni törü” (göni töre) eseriň baş gahrymanlarynyň biri bolan Gündogdynyň tymsalydyr. Gündogdy göni töredir (töre-şol döwrüň baş kanunydyr). Bu ýerde-de kanunyň gönüligi bilen baglanyşykly aýratynlygy beýan edilýär we eseriň gahrymany Gündogdynyň mysalynda anyk düşündirilýär.

Eseriň baş gahrymanlaryndan Gündogdy bilen Aýdoldy biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Gündogdy, türkleriň gadymy töresi bilen tymsallaşdyrylypdyr.

Asyl nusgadan türk diline geçirilende “töre” sözüniň “kanun” (yasa) diýlip alnandygyny görýäris.

Türk diliniň sözlüklerine seredenimizde, “töre, 1.Bir toplulukta benimsenmiş, yerleşmiş davranış ve yaşama biçimlerinin, kuralların, görenek ve geleneklerin, ortaklaşa alışkanlıkların, tutulan yolların bütünü. 2.(dar anlamda) Bir toplumdaki ahlâkî davranış biçimleri” [Türkçe Sözlük, 2, 1998: 2244] görnüşde beýan edilip düşündirilipdir.

Birinji düşündirişdäki “tutulan yolların bütünü” (tutulan ýollaryň bütini) diýen durnukly aňlatma ünsi özüne çekijidir.

Türkmenleriň “töre” sözüne berýän düşündirişleri-de beýlekilerden biraz üýtgeşikdir: “uly derejeli, at-abraýly adam”; “oglana dakylýan at” [TDDS,II, 2016:420]

Geliň, töre bilen baglanyşykly mysallary we olaryň aňladýan manylaryny öwrenmek maksady bilen käbirini gözden geçireliň:

  • Ýedinji mysal (KB №286): törü birle / kanun yolu ile/ töre bilen.

 

Kılıç ursa bıçsa yağı boynını,
törü birle tüzse eli bodnını
O bunlar ile kılıç çalar ve düşmanın boynunu keser;

memleketi ve halkını kanun yolu ile nizam altında bulundurur.

Gylyç ursa, biçse boýnuny ýagyň,

Töre bilen düzse, il-halkyn oňyn.

 

Ýokardaky mysaldan görnüşi ýaly, bu ýerdäki “töre” sözi il-halk bilen baglanyşyklydyr. Gadymy türkler il-halky düzmegiň ýeke-täk serişdesiniň bardygyny belläpdirler. Şol düzgünleriň jemi hökmünde-de  “töräni” görkezipdirler.

Türklerdäki gadymy “töre” diýlen düşünje nesilden-nesle geçip, geljek nesle miras galýan düşünje hasaplanypdyr. Muňa aşakdaky setirlerden-de göz ýetirmek mümkindir.

  • Sekizinji mysal (KB №269): edgü törü / iyi nizam/ eýgi töre.

 

Olardın kalu keldi edgü törü,
kumaru-turur tegse koprur örü
İyi nizam, onlardan kalageldi; bu bir mirastır; kimin eline geçerse, onu yükseltir.
Olardan galypdyr bu eýgi töre,

Miras bolar, degse, gopdurar öre!

 

Biz bu ýerden “edgü törü” diýen durnukly aňlatmanyň gadymy ata-babalarymyzdan bize miras galandygyny öwrenip bilýäris.

Häzirki zaman türkmen dilinde gadymy “edgü” sypatynyň asly ýitirilipdir, ýöne köki şol galypdan “enaýy”, “enaýyja”, “enaýylyk” [TDDS,I, 2016:346]; “eýgilik”, “eýjejik” [TDDS,I, 2016:359] ýaly sözler saklanypdyr. Şonuň üçin “Olardan galypdyr bu eýgi töre” diýip gadymy “eýgi” sypatynyň özüni bolşy ýaly ulanmaklygy amatly hasapladyk.

Muny aşakdaky nusgalarda-da görmek mümkindir:

  • Dokuzynjy mysal (KB №219): edgü törü / iyi nizam/ eýgi töre.
Ajunka apa enmişinde berü,

ukuşluğ uru keldi edgü törü

Adem’in dünyaya indiğinden beri iyi nizam dâima anlayışlı insanlar tarafından vaz’edilegelmiştir.
Dünýä Adam Ata inenden bäri,

Üşüklikden geldi bu eýgi töre.

 

  • Onunjy mysal (KB №252): edgü törü / iyi nizam/ eýgi töre.

 

Bilig kimde erse ajun begleri,
törü edgü urmış kişi yegleri
Dünya beylerinden hangileri bilgili olmuş ise,

iyi nizam koyanlar ve iyilikte ileri gelenler onlar olmuştur.

Bilim kimde bolsa dünýäň begleri,

Töre eýgi uran kişi ýegleri.

 

  • On birinji mysal (KB №103): törü / nizam/ töre.
 Ajun inçke tegdi tüzüldi törü,
törü birle atın kopurdı örü
Dünya asayişe kavuştu ve nizam kuruldu;

o adını kanunla yükseltti.

Dünýä dynçlyk doldy, düzüldi töre,

Töre bilen adyn galdyrdy öre.

 

Ýokardaky mysaldan görnüşi ýaly, töräniň düzülmegi, ýola goýulmagy bilen dünýä dynçlyk, parahatlyk bilen dolýar. Şol bir wagtyň özünde-de töre bilen at-abraý, şan-şöhrat gazanylýar. Ynha, türkler gadymda bu pikire gulluk edipdirler.

  • On ikinji mysal: (KB №800): könilik törü / doğruluk kanun/ gönülik töre.
“Munu men me körgil könilik törü,

törü kılkları bu baka tur körü”

İşte bak, ben de doğruluk ve kanunum;

Kanunum vasıfları bunlardır, dikkat et.

Ynha, bakyp görgül gönülik töre,

Töre gylyklaryn baka dur – göre!

 

Bu mysalda gadymy “töre” gönülik sözi bilen sypatlandyrylypdyr. Çünki, gadymy türkleriň düşünjesine görä, töräniň düýbi gönülikden tutulmalydyr. Mundan başga-da töräniň özboluşly hasiyetlerinden, gylyklaryndan söz açylýar. Şolaryň biri-de kürsi aýagy bilen baglanyşykly “üç ayak” düşünjesidir.  Bu gadymy durnukly aňlatma (üç aýak) görä, üç aýagyň her biri aýratyn bir tymsaldyr.

Birinji aýak – il-halky, ýurdy, döwleti emele getirmek; ikinji aýak – göni töräni düzmek; üçünji aýak – halka, il-güne, ýurda, tutuş döwlete göni töre bilen ýolbaşçylyk etmek manysyndaky tymsallardyr.

Gürrüňi edilýän “üç aýak” bilen baglanyşykly tymsalyň bir nusgasy-da türkmen atalar sözünde saklanyp galypdyr. Muny tagana degişli nusga-da görüp bilýäris: “Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar, biri döwülse, hiç bolar”.

(dowamy bar)

Related posts

Молдавия надеется получать газ из Азербайджана через Румынию

В Туркменистане 11 марта пройдет выставка, посвящённая архитектуре и дизайну

В Туркменистане открылась выставка молодых художников и скульпторов

Teswirle